Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan CO2 zyňyndylaryny azaltmak üçin Türkmenabat-Türkmenbaşy demir ýoluny elektrifisirlemegi niýet edýär

15:0827.11.2024
0
28103

Halkara forumda Türkmenistanyň bilermenleri ulag pudagynyň özgerdilmeginiň strategiýasy bilen tanyşdyryp, global ekologiki wezipeleri çözmekdäki möhüm ornuna üns berdiler. «TULM» AGPJ-niň baş direktorynyň orunbasary Rahym Hanaýewiň sözlerine görä, ulag serişdesi şu günki günde parnik gazlarynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup, dünýä ýüzündäki kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň takmynan dörtden bir bölegini emele getirýär.

Çykyşynyň esasy pursaty – ulag serişdesiniň diňe bir mesele däl-de, eýsem howanyň üýtgemegi babatdaky meseläniň çözgüdi hem bolup biljekdigi baradaky wajyp nygtalan tezisi boldy. Çykyş ediji aşakdakyny aýratyn belläp geçdi:

«Durnukly ulag serişdesi bu diňe bir wariant däl, eýsem köp ugurlar boýunça durnukly ösüşiň katalizatory (ýardam berijisi) bolup durýar»

Bu konsepsiýany amala aşyrmagyň anyk ädimi - 1100 kilometrden gowrak uzynlykdaky Türkmenabat-Türkmenbaşy demir ýol magistralynyň elektrifisirlenmegi bolar. Bu uly möçberli meýilnama diňe CO2 zyňyndylaryny peseltmän, eýsem ýurduň üstaşyr mümkinçiligini hem düýpli artdyrar.

Ulag pudagynyň özgerdilmesiniň esasy ugurlary şulary öz içine alýar:

• Innowasion az uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak
• Multimodal ulag ulgamlaryny ösdürmek
• Logistik prosesleri sanlylaşdyrmak
• Durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygy

2026-njy ýylda badalga alýan BMG-niň Durnukly ulag onýyllygynda ulag pudagynyň global özgerdilmesi üçin özboluşly mümkinçilikler açylar – diýip, çykyş ediji belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň