Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kime we haýsy ýagdaýda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär (Başy)

0
21459

Işçi birnäçe wagtlap öz saglyk ýagdaýy ýa-da maşgala agzalarynyň biriniň agyr keseli sebäpli özüniň iş borçlaryny ýetirip bilmeýän ýagdaýy ýygy duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda döwlet tarapyndan jemgyýetçilik goldawy– ilatyň jemgyýetçilik goraglylygy baradaky Türkmenistanyň Kodeksiniň 59-njy maddasynda beýan edilen wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary -  göz öňünde tutulan.

Haýsy ýagdaýlarda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär?

Döwlet kömek pullarynyň bu görnüşi umumy kesel, zähmet maýyplyk (şikes), hünär keseli sebäpli iş döwründe zähmete ukyplylygyny ýitiren we saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk resminamasyny hödürlän şahslara berilýär.  Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny diňe işleýän raýatlaryň almak hukugy bar. 

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyga şu aşakdaky ýagdaýlar degişli:

  • zähmete ukyplylyk başarnygyny ýitiren ilkinji gününden başlap onuň dikeldilýän ýa-da maýyplyk kesgitlenýän döwrüne çenli lukmançylyk gözegçiligine we bejergisine kesel ýa-da zähmet maýyplygy (şikesi) sebäpli mätäçler;
  • hünär keseli ýa-da inçekesel bilen kesellemegi ýa-da olaryň organizminde ýokanç keselleri döredijileriň barlygy sebäpli başga iş ýerine geçmekde; 
  • karantin düzgüni dowam edýän döwründe ýokanç keselleriň merkezinde işleýänleriň işden boşadylmagynda;
  • çaga mekdepden öňki edaralarda karantin düzgüniniň girizilen döwründe çaga seretmek boýunça –  senenamanyň 14 gününe golaý;
  • çaga mekdepden öňki edaralarda karantin düzgüniniň girizilen döwründe kesellän çaga seretmek boýunça ;

Gatnawlaýyn bejergi alynýan ýagdaýynda:

  • kesellän maşgala agzasyna seretmek boýunça – senenamanyň 7 gününe çenli;
  • 14 ýaşyna ýetmedik kesellän çaga seretmek boýunça – senenamanyň 14 gününe çenli;

Stasionar bejergi alynýan ýagdaýynda:

  • 7 ýaşyna ýetmedik kesel çaga, şeýle-de 14 ýaşyna ýetmedik çaga agyr operasiýadan soňky, şikes ýa-da ýanyk we agyr keselden ejir çekýän döwürde seretmek boýunça – senenamanyň 122 gününe çenli.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk sebäpli döwlet kömek pullaryny almaklyk üçin esasy resminama – wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk kagyzy. Beýleki kagyzlar döwlet kömek pulunyň bu görnüşiniň berilmegi üçin güýçsüz hasaplanýar. 

Wagtlaýyn zähmete ukypsyz kagyzynyň ýitirilen ýagdaýynda saglygy goraýyş edaralarynyň zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitirendigi baradaky kagyzyň nusgasy iş ýerinden zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy boýunça döwlet kömek pullarynyň berilmedigi baradaky iş ýerinden  kepilnamany getirmegi bilen berilýär. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň hakyky dowamlylygy bejerýän lukman tarapyndan kesgitlenilýär we 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň № 221 buýrugy bilen ykrar edilen we 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda  Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan  №1251 belgide hasaba alnan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk barlagynyň tertibine laýyklykda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk kagyzy bilen ykrar edilýär. 

Döwlet kömek pulunyň möçberi nähili görnüşde hasaplanylýar?

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça bellenilen döwlet kömek pullarynyň ölçegi orta gündelik zähmet hakynyň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň senenama günleriň sanyna köpeldilip alnan ululykdan hasaplanylýar we şu aşakdakylardan ybarat:

1. 60 göterimi – 5 (bäş) ýyla çenli iş tejribesi bolan ýagdaýynda;
2. 80 göterimi – 5 (bäş) ýyldan 8 (sekiz) ýyla çenli iş tejribesi bolan ýagdaýynda;
3. 100 göterimi – 8 (sekiz) ýyldan we ondan ýokary iş tejribesi bolan ýagdaýynda.

Zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary iş tejribesine garamazdan 100 göterim ölçegde tölenýän ýagdaýy hem bar, olar şulardan ybarat:

1. Zähmet maýyplygy ýa-da hünär keseli sebäpli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bolan şahslara;
2. 18 ýaşa ýetmedik şahslara;
3. 21 ýaşa ýetmedik ýetim galan şahslara (ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolanlara);
4. Ykrar edilen tertipde maýyp diýlip bellenen şahslara;
5. 18 ýaşyna ýetmedik maýyp çaga seredýän ýa-da 16 ýaşyna dolmadyk eklenjindäki üç we ondan hem artyk çagasy bolan ejelere (hossarlaryna);
6. Donorlyk wezipesini ýerine ýetirmekde ýüze çykan wagtlaýyn  zähmete ukypsyz bolan şahslara;
7. Beýleki döwletleriň çäginde harby hereketleriň weteranyna;
8. Keseli ionizirleýän we rentgen şöhlelenme sebäpli ýüze çykan şahslara.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi we aýlyk zähmet haky umumylykda iki wezipe zähmet hakyndan ýa-da iki tarif hakyndan ýokary bolmaly däldir. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar