Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nagt däl hasaplaşygyň 7 sany amatly tarapy

0
23972

Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn artýar. Bank kartlaryndan peýdalanmaýan häzirki günde ýok bolsa gerek. Elbetde, nagt däl hasaplaşyklaryň amatly taraplary kän, bu gezekki makalamyzda okyjylarymyza olardan birnäçesini gürrüň bereris.

1. Bank karty bilen çykdajylary dolandyrmak has aňsat

Çykdajylary hasaba almak býudjet dolandyryşy üçin esasy talapdyr. Emma bu aňsat iş däl. Nagt görnüşde hasaplaşylanda çykdajylary depdere bellik etmeli bolsaňyz, kart bilen hasaplaşylanda kartyňyz boýunça ähli hereketler awtomatiki usulda ýazylyp durýar. Şeýle hem bank karty bilen pullaryňyzy tygşytlamak hem amatly. Bu hereketleri bank kartyna birikdirilýän SMS habary arkaly, şeýle hem “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly görmek bolar.

2. Bank kartyndaky pullary goramak has aňsat

Eger pullaryňyzy gapjykda ýa-da jübiňizde saklasaňyz, onuň ogurlanmak ähtimallygy hem bar. Emma jübiňizde ýekeje bank kartyňyz bolsa, ol ogurlanan ýagdaýynda hem ony dessine blokirläp bolýar we ol ýönekeýje bir karta öwrülýär.

«Altyn asyr» bank kartlaryny howpsuz ulanmak boýunça birnäçe maslahatlar wideosy.

3. Tölegiň takyklygy

Töleg terminalyna kartyňyzy salanyňyzda, kassa ýazgysynda näçe mukdar görkezilen bolsa şonça tölenilýär, teňňelerine çenli. Şeýle ýagdaýlarda hasaplaşygyňyz anyk bolar we satyjynyň size gaýtargyny bermedik ýa-da doly bermedik ýagdaýyna düşmersiňiz.

4. Arassaçylyk

Nagt teňňeler we pullar elden-ele geçýänligi sebäpli onda bakteriýalar hem bolup bilýär, emma bank kartyny diňe eýesi peýdalanýandygy sebäpli onda beýle ähtimallyklar örän az.


5. Wagtyň tygşytlanmagy

Bankomata baryp, bank kartyndan pul çykarmak üçin wagt sarp etmegiň zerurlygy ýok. Bank karty arkaly islendik töleg terminalynda haryt we hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyryp bilersiňiz.


6. Onlaýn görnüşde söwda etmek mümkinçiligi

Bank kartyňyz arkaly diňe töleg terminallaryň üsti bilen däl, eýsem onlaýn görnüşde hem söwda edip bilersiňiz. Mysal üçin, kä halatlarda internet dükanlarynda arzanladyş aksiýalaryna gabat gelmek bolýar, şol pursatlardan bank kartyňyzyň üsti bilen peýdalanyp bilersiňiz.

7. Höweslendirmeler

Hemmämiz bilşimiz ýaly, bank karty bilen nagt däl görnüşde söwda edilende bank tarapyndan kesgitlenen belli bir göterimi müşderä pul sylagy hökmünde yzyna gaýtarylýar (“Cash back”). Emma nagt görnüşde söwda etseňiz munuň ýaly mümkinçilikler ýok.

Türkmenistanda bank kartlarynda «Cashback» hyzmaty ornaşdyrylýar (wideo).

Siz hem bank kartlaryndan işjeň peýdalanýarsyňyzmy? Başga amatly taraplaryny biz bilen elektron poçtamyzyň üsti bilen paýlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar