Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ipoteka alnanda goýberilýän 5 ýalňyş

0
20893

1. Özüňize amatsyz tölegi saýlap almaklyk

Ipotekany gysga möhletlik almaklyk – elbetde size aňsat görünip biler. Ipoteka gysga möhletli (az ýyllyk) alynsa, banka bir aýda geçirilmeli tölegi uzak möhletlisinden (köp ýyllyk görnüşlisinden) köp bolýar. Bu ýagdaýda biliňizi berk guşap, özüňizi köp zatda çäklendirmeli bolarsyňyz. Hawa, karzyňyz tiz ýapylsa özüňize hem rahat bolar, emma durmuşda meýilleşdirilmedik çykdajylaryňyz hem bolup biler. Mysal üçin, maşgala, saglyk ýagdaýy çykdajylary we ş.m.

Şol sebäpli, ipoteka size ýük bolmazlygy üçin, onuň töleg möhletini, karz möçberini amatly görnüşde saýlap almaklyk maslahat berilýär. Mysal üçin, örän uly möçber bolmadyk görnüşinde 10 ýyllygyň ýerine 15,20,30 ýyllyk (karz alýan bankyňyza görä) möhletli ipoteka.

 

2. Bolanja puluňyzy ilkibaşdaky tölege geçirmeklik

Goýberilýän ýalňyşlyklaryň ýene-de biri – ähli bolanja puly ilkibaşdaky tölege geçirmeklik. Elbetde, ilkibaşdaky töleg näçe köp bolsa, karzyňyzyň möçberi we göterimi şonça azalar. Emma, täze satyn aljak öýüňizde abatlaýyş işlerini geçiresiňiz gelse? Ýa bolmasa başga çykdajylar etmekçi bolsaňyz?

Şol sebäpli, beýleki zerur we meýilleşdirilmedik çykdajylary hem göz öňünde tutup, ilkibaşdaky tölegi şoňa laýyklykda seljerip geçirmeklik maslahat berilýär.

 

3. Ätiýaçlandyryşy ret etmek

Ätiýaçlandyrma hyzmatlaryndan hemişe peýdalanjak boluň. Ätiýaçlandyrma size elmydama ýardam berer. Mysal üçin, maşgala agzalaryňyzdan, ýagny ipoteka töleýän adamyň saglyk ýagdaýy peselse, işlemäge ukypsyz bolup biler. Şu sebäpden saglygyňyzy ätiýaçlandyrmak maslahat berilýär.

Ätiýaçlandyryş edaralaryna ýüz tutup, olaryň ipoteka üçin tekliplerini diňläp görüň.

 

4. Gündelik zerurlyklar üçin çykdajylary tygşytlamak

Ipoteka almakaňyz ilki bilen pikirlenip görmeli: uly möçberli karzy tölemek aňsat bolarmy? Ipotekany tölemek meýilnamaňyz dogrymy?

Elbetde, tygşytlylyk gowy, emma gerek ýerinde. Meselem, saglyk, egin-eşik, iýmit çykdajylary, zähmet rugsadynda dynç almak we ş.m. çykdajylary üçin gereginden artyk tygşytly bolmak maslahat berilmeýär.

Mysal üçin, iýmitde tygşytlasaňyz, peýdaly ir-iýmişleri ret etseňiz, onda siziň we maşgalyňyzyň saglygyna täsir eder we belli bir wagtdan sagylygyňyzy bejermek üçin çykdajylara elter.

 

5. Ipotekany tiz tölemezlik (tiz ýapmazlyk)

Ipotekany tiz ýapmaly däl diýen düşünje ýalňyşdyr. Belli möhletlik ipoteka karzyny alanyňyzda, yzyna tölemeli möçberiňiz kän bolýar, sebäbi göterim hem hasaplanýar. Ýyl näçe köp bolsa, göterim hem şonça köp bolýar. Eger mümkinçiligiňiz, girdejiňiz laýyk bolsa, ipotekany wagtyndan öň ýapmak siz üçin amatly hasaplanýar.

 

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar