Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awazada täze ýola goýlan "Ekowelosiped bekedi" barada

0
54635

Siz şu tomusda Awazada bolduňyzmy? Ajaýyp dynç alyş boldy, şeýle gerek?! Bu şypaly mekana  indiki gezek geleniňizde size ýene bir ýakymly täzelik ― «Ekowelosiped beketleri» garaşýar. Şeýle beket siziň ýerleşen myhmanhanaňyzyň girişinde bolar we kireýine alan welosipediňizi barjak ýerňize çenli ulanyp, şol ýerdäki beketde goýup, isleseňiz, yza gaýdyşyn başga bir welosipedden hem peýdalanyp bilersiňiz. Awazadaky täze hyzmat birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda ýola goýuldy?

«Ekowelosiped beketleri» baradaky gürrüňe geçmezden ozal, başga bir beýik hakykata üsüňizi çekmek isleýäris. Mundan birnäçe gün öň «Watan» habarlar gepleşigi arkaly hormatly Prezidentimiziň öz zähmet rugsadyny işjeň gün tertibinde geçirýändigine şaýat bolupdyk. Birki günlükde Awaza gelen milli Liderimiz ajaýyp kenara gadam goýan dessine bu ýerde alnyp barylýan işler, öňde duran taryhy waka görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy. Şol sanda-da hormatly Prezidentimiz Awazadaky «Ekowelosiped bekediniň» ilkinji ulanyjylarynyň biri boldy. Şeýlelikde, milli Liderimiz sagdyn ýaşaýyş hereketiniň ýene-de bir göreldesini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň Awazadaky ilkinji minutlary şeýdip, döwletli işleriň ýolugra maslahatyna, agtygy Kerimiň täze sazyna, şeýle hem Awazany mundan beýläk hem özgertmek bilen bagly başlangyçlara beslendi. Şol bir wagtyň özünde-de Awazadaky «Ekowelosiped bekedi» tejribesi döwlet Baştutanymyzyň ünsünden düşmedi. Hyzmatyň bu ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygy üçin peýdaly görnüşi Awaza ýaly dynç alyş ýerlerine has mynasyp ýaraşýar.

Eýsem, Hazaryň türkmen kenaryndaky täze hyzmat nähili ýola goýulýarka? Aslynda, ekowelosiped näme? Awaza dynç almaga baranlar bu hyzmatdan nähili peýdalanmaly? Hyzmat bu ýerde dynç alýanlara nähili artykmaçlyklary bagyşlaýar? Makalamyzy şu sowallaryň jogabyna bagyşladyk.

«Ekowelosiped bekedi» Russiýa Federasiýasynyň «WeloTeh» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň adybir taslamasyndan gelip çykýar. Jemgyýetiň ýolbaşçysy, birinji Hazar ykdysady forumynyň hormatly myhmany Aleksandr Ekalo welosipedleri kireýine bermegiň bu kämil we amatly ulgamy barada şeýle gürrüň berýär:

― Adyndan hem belli bolşy ýaly, beketdäki welosipedleriň we beýleki ulaglaryň önümçiliginde ekologiýanyň talaplaryna doly eýerildi. Elbetde, welosiped ekologiýa üçin iň arassa ulag. Ýöne «WeloTeh» şol arassalygy, tebigata zyýansyzlygy iň aňryçäk derejä ýetirmegi maksat edindi. Awtomatik görnüşde işleýän hyzmat ulgamy bolsa biziň maksatlarymyzyň dowamy bolup gidýär.

Beýleki ýerlerde bolşy ýaly, Awazada hem her bir beketde welosipedler we elektrik skuterleri ýerleşdirildi. Häzir biz dynç alyş zolagynyň üç nokadynyň her birinde 10-a golaý welosipeddir skuteri (samokat) goýduk. Ýöne geljekde diňe Awazadaky hyzmatlarymyzy 17 nokada, 500 welosipede çenli çykarmak meýlimiz bar.

Awtomatlaşdyrylan kireý ulgamy gije-gündiziň dowamynda işlär. Awazada dynç alýanlar welosipedi ýa-da samokaty islendik beketden alyp, başga bir bekede goýup gidip bilerler. Welosiped beketdäki ýörite ýere goýlansoň, ol awtmatik şekilde gulplanylýar.

Beketleriň her birinde ulgamdan peýdalanmagyň gözükdirijileri ýerleşdirilendir. Ýöne ony ulanmagyň juda sada ýolunyň bardygyny hem aýtmak isleýärin. Islendik adam sanly ulgamyň we juda elýeterli tölegiň üsi bilen ekowelosipedlerdir elektrik samokatdan peýdalanyp biler.

― Tölegleri nähili görnüşde amala aşyrmaly?

― Ulanyjy özi üçin haýsy görnüş amatly bolsa, şondan peýdalanyp biler. Myhmanhananyň berkidilen wekiline nagt görnüşinde töläp hem ýa-da bekediň özünde kart arkaly töleg geçirip hem welosiped alyp bolar. Özi-de tölegleri islän wagt aralygyňa çenli geçirmäge mümkinçilik bar. Mysal üçin, welosiped saňa näçe wagtlyk gerek? Ýarym sagatmy, bir sagatmy, belki bir gije-gündizlik. Her wagt aralygynyň öz elýeterli tölegi bar. Mundan daşary myhmanhanyň işgärleridir käbir myhmanlar üçin tölegsiz hyzmaty hem ýola goýup bolýar. Awtomatlaşdyrylan ulgam hyzmatyň ähli görnüşleri üçin elýeterlidir. Awaza ýaly jana şypaly we ýollary aýna ýaly tekiz ýerde bu hyzmatyň uly isleg gazanjakdygyny ynam bilen aýdyp bileris.

― Her beketde hem elektrikli, hem adaty welosipedler, olardan daşary samokatlar hem bar. Ulanyjy üçin bularyň haýsy has amatly?

― Biz hersiniň aýratynlygy barada aýdalyň, iň amatlysyny ulanyjylaryň, goý özi saýlasyn!

Elektrikli welosipedler şäherde hereketi has tizleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde-de ol dolandyryjydan az güýç talap edýär. Elektrikli welosipedde «PedalAssist» ýardam ulgamy ornaşdyrylandyr. Onuň elektrik motory diňe pedal aýlananda işleýär we hereketi has ýeňilleşdirýär. Agramy 18,5 kilogram bolan welosiped bitewi alýumin ramadan ybaratdyr. Bir gezek zarýadlandyrylan welosiped 40 kiometr aralyga gidip bilýär. Onuň tizligini bolsa sagatda 20 kilometre çenli çykarmak mümkindir. Oňa GPS sensor hem berkidilen.

Elektrikli samokatlaryň kärendesi, aslynda, ulaglary kireýine bermegiň täze görnüşidir. Şonuň üçin hem ulanyjylar oňa has köp isleg bildirýärler. Olaryň esasy artykmaçlygy hereket üçin oňaýlylyk we ýeňillikdir. Ulanyja pedal aýlamak zerurlygy ýok, tizligi ýokarlandyryjy gaz tutawaçda ýerleşýär. Agramy 15 kilogram bolan samokatyň tizligi sagatda 25 kilometre çenli çykyp bilýär. Bir gezek zarýad bilen 25 kilometr ýol geçip bilýär. Ol doly awtomatlaşdyrylandyr we GPS sensory bilen üpjün edilendir.

Adat welosipedlerimiziň agramy 17 kilograma ýetýär. Onuň tizligini üç essä çenli köpeldip bolýar. Süňňi arassa alýuminiýden ybarat welosiped ýantorbany goýmak üçin hem amatlydyr. Welosipediň ýeňil dolandyrylýandygyny hem aýtmak gerek.

Hödürleýän hyzmatlarymyzyň gysgaça aýratynlyklary-ha şeýleräk.

― Biz, esasan, ulanyjylar üçin amatly tarapyna üns berdik. Ulgamyň dolandyryşy hem doly awtomatlaşdyrylan bolsa gerek!

― Ulgam ugurlar, aralyk, ortaça we ýokary tizlikler, ýolda çaknyşmalar we ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy barada maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär, munuň özi ulanyjylar barada maglumatlary ulgamlaşdyrmaga we seljermäge, şeýle hem her bir ýola çykylanda doly maglumatlary bermäge mümkinçilik berer.

Täze önüm elektrik üpjünçiliginiň gowulandyrmagyň we elektrik energiýasyny işleýji ulgamlara birikdirmegiň hasabyna, hatda jemgyýetçilik welokireý nokadynyň adaty welosipedlerinde hem goşmaça zarýad almazdan GLONASS trekeri ulanmaga mümkinçilik döreder.


Ýeri gelende aýtsak, «Ekowelosiped bekedi» Hazaryň kenarynda 11-nji awgustda geçiriljek sergilerde hem tanyşdyrylar. Munuň özi öňde boljak forumyň geriminiň juda giňdigini ýene bir ýola görkezýär. Ýogsam näme?! «Awaza», «Hazaryň türkmen kenary» diýlende, syýahatçylyk ilkinji ýada düşýän ugurlaryň biri. Awazada bolsa ol barha kämilleşdirilýär. Çünki daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesini özünde jemlejek birinji Hazar ykdysady forumy Awazadaky syýahatçylygyň täze sahypasyna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar