Kurşawel, Dawos, Kitzbýuel, Zelden. Ýewropanyň meşhur dag lyža dynç alyş merkezleriniň atlaryny sanasaň sanap oturmaly. Şeýle-de bolsa, GDA ýurtlarynda gyşky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramagy hödürleýän täsin dag lyža dynç alyş merkezleri bilen tanyş bolan adamlarda Ýewropanyň daglarynda dynç almak islegi döremese gerek?
Gyşky syýahatçylyk we dynç alyş üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde meşhur ýerleriň sanawyny bäş ýurduň — Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň dynç alyş merkezleri düzýär. Geliň, olaryň hersi dogrusynda durup geçeliň.
Gazagystanda gyşky syýahatçylary özüne çekip biljek ilkinji zat, elbetde, gar bilen örtülen gaýalaryň köpdürlüligi, syýahatçylygyň bahasy we ösen syýahatçylyk infrastrukturasy, şeýle-de meşhur Ýewropa ýa-da rus dag lyža dynç alyş merkezlerinden pes bolmadyk tehniki enjamlardyr.
Bu ýurtda hökmany baryp görmeli ýerler — Gazagystanyň paýtagty Astana, Şymbulak (Çimbulak) kurorty, Almaty daglaryndaky gyşky dynç alyş ýerleri, Akmola etrabyndaky Burabaý (Borowoýe) kurorty we Gündogar Gazagystan sebitiniň dag lyža dynç alyş merkezleri.
Surat: must-see.top
Täze gurlan dag lyža bazalarynyň biri bolan «Myrzaşoky» türgenleriň gelim-gidimli ýeridir. Onuň ýollarynyň uzynlygy 800-den 1300 metre çenlidir. Syýahatçylar bu ýeriň ajaýyp arassa howasyna we arassa garyna ýokary baha berýärler. Kiçijik gar örtügi bilen daglaryň gaýalaryna emeli gar sepilýär. Bu ýerde uly bolmadyk şalelerde we myhmanhanalarda wagtlaýyn ýaşap bolýar. Dagda kafe we enjamlary kärendesine almak üçin ýerler bar.
Azerbaýjan artykmaç töleg tölemezden, edil Ýewropanyň derejesinde dynç almagy teklip edýär.
Dag lyža dynç alyş merkezleri — bu ýurtda täze dynç alyş ugry bolsa-da, olaryň artykmaçlyklary köpdür. Mysal üçin, bu ýerdäki iki sany uly lyža kurorty — Şahdag we Tufandag Bakuwdan, takmynan, 3 sagat uzaklykda ýerleşýär.
Surat: make-trip.ru
Şahdagda 12 sany lyža lifti hem-de lyžaтн we snowbordн kärendesine berýän ýerler bar. Mundan başga-da, emeli gar bilen bina edilen 10-dan gowrak lyža eňňitleri bolup, bu bolsa lyža möwsüminiň uzak wagtlap dowam etmegine mümkinçilik berýär. Kurortyň iň beýik nokady 2100 metrdir. Şeýle hem dagyň eteginde köp sanly restoranlar, üç ýyldyzly we bäş ýyldyzly myhmanhanalar bar.
Tufandag kurortyna adamlar dynç almak üçin gyşda-da, tomusda-da gelýärler. Galyberse-de, Tufan dagyndan uzak bolmadyk ýerde ajaýyp köller bardyr. Ýerli rowaýata görä, suw howdanlarynyň birinde Nuh pygamberiň gämisiniň bir bölegi bar. Tomusda syýahatçylar Bazardüzü dagyna köp barýarlar, şeýle hem has gadymy taryhy bolan Gabala bilen şäheriň gözel ýerlerine aýlanýarlar.
Gyrgyzystanyň lyža kurortlary hem özüniň täsirli görnüşleri bilen bu ýere gelýänleri haýrana goýýar.
Týan Şan daglarynyň eňňitlerinde häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylan iň meşhur «Karakol» lyža bazasy bar. Bu ýerdäki lyža möwsümi noýabr aýyndan aprel aýyna çenli dowam edýär.
Paýtagtdan 130 km uzaklykda «Too-Aşuu» gyş kurorty ýerleşýär. Baza döwrebap lift bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň ýolunyň uzynlygy 1500 metrdir.
Deňiz derejesinden 2 km 400 metr beýiklikde hem «Kyzylbeles» lyža bazasy ýerleşýär. Gyşky dynç alyş üçin bu ajaýyp ýeriň örän ýokary ýerleşendigi sebäpli, bu ýerdäki lyžaçylar üçin möwsüm beýleki bazalara garanyňda has ir başlanýar.
Norus lyža kurorty hem Bişkekden 35 km uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerlere baryp gören lyža dynç alşyny bilýänler kurortyň infrastrukturasynyň şeýle bir ajaýypdygyna, Norusyň Ýewropanyň meşhur kurortlary bilen bäsleşip biljekdigine göz ýetirerler. Bazanyň meýdany jübüt kabel esasly daşaýjy ulaglar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerdäki gar bilen örtülen ýollar diňe gowy taýýarlygy bolan lyžaçylar we snowbordçylar üçin maslahat berilýär.
Surat: tourister.ru
«Toguz Bulak» lyža bazasynda dürli kynçylykly kategoriýalardaky 9 sany lyža ýollary bar. Ýollaryň ortaça uzynlygy takmynan 2 km 200 metre deňdir.
Özbegistanda ýurduň iň meşhur lyža kurortlaryndan biri Daşkentiň 80 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Çimgan diýen ýerdedir. Çimganda takmynan 10 aýlawly ýol, 1980 metr beýiklikden gidýän ähli kynçylyk derejelerindäki 24 sany trassa bar.
Dynç almak üçin niýetlenen ýerleriň hataryna Angren derýasynyň ýokary akymynda ýerleşen kanýon hem degişlidir. Şeýle hem, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň iň gözel ýerlerine Fergana jülgesiniň günortasyndaky Şahimardan we Pamir-Alaý sebitlerini mysal getirmek bolar.
Baryp görmesi zerur bolan ikinji dag kurorty Çimgandan 7 km uzaklykda Kumbel dagynyň golaýyndaky Beldersaý diýen ýerde ýerleşýär. Lyža eňňitleriniň ýokarky bölegi 2880 m belentlikde ýerleşýär we onuň umumy uzynlygy 3 km töweregi uzaýar. Jemi uzynlygy 1265 m bolan 3 sany kabel esasly daşaýy ulaglary bar. Özbek daglarynda lyža möwsümi noýabr aýyndan maý aýyna çenli dowam edýär.
Surat: skisport.ru
Sahkadzor, Jermuk, Sewan — bularyň ählisi Ermenistanyň lyža kurortlarydyr.
Uzak taryhy bolan iň meşhur lyža kurorty — Sahkadzor Ýerewanyň golaýynda ýerleşip, Zwartnos howa menzilinden 75 km uzaklykdadyr. Gyşky kurort Tegenis dagynyň etegindäki ajaýyp jülgede ýerleşýär. Soňky ýyllarda Russiýanyň olimpiýa çempionlary we GDA ýurtlarynyň köp sanly lyža türgenleri bu ýerde işjeň türgenleşik işlerini geçirýärler.
Trassanyň başlaýan ýerine çenli lyžaçylary we snowbordçylary asma ýol eltýär. Bu ýolda 10 minutlyk syýahatda Ararat dagynyň we Sewan kölüniň ajaýyp panoramasyndan lezzet almak bolýar.
Garly dag eňňidinde haýran galdyryjy görnüşler we tolgundyryjy ýaryşlar bilen wagt geçirmek üçin ajaýyp ýerleriň biri-de — Jermuk kurortydyr.
Lyža trassalaryndan başga-da, bu ýerde diwarlaryndan agyz suwy bilen kranlar çykýan binagärlik gurluşy bolan — Agyz suw galereýasyna baryp bilersiňiz. Her kran belli bir suw görnüşini öndürýär we olaryň her birisinde öňki suwdan has ýyly suw akýar.
Beýleki ýerler bilen birlikde syýahatçylara iň gadymy Norawank (XIII asyr) monastyry bolan Arwi jülgesine gezelenç edip görmek teklip edilýär.
Lyžada typmakda sport ýoluna ýaňy başlan türgenlere Sewan lyža toplumynyň daglarynyň eňňitlerini synap görmek maslahat berilýär.
Ýöne lyžada ýa-da snowbordda typyp bilmeýän bolsaňyzam, ömrüňizde iň bolmanda bir gezek lyža kurortyna gidip görmek örän täsirli bolar. Başy garly daglar — bu, ilkinji nobatda, gyş ertekisine syýahat, arassa dag howasy we ajaýyp gyş dynç alşy ýaly duýgudyr.
Peýdalanylan çeşmeler: turstat.com; must-see.top; make-trip.ru; tourister.ru; guide.travel.ru; onewaytour.com
Şeýle-de okaň: