Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stambulyň we Antalýanyň çygryndan çykyp: Türkiýäniň hökmany açylmaly hazynalary

0
40338

Stambul we Antalýa, elbetde, täsinligi bilen syýahatçylaryň aglabasyny özüne çekýär, emma Türkiýede başga-da şeýle hazynalar az däl ahyryn. Geň galdyryjy şäherleri, baý taryhy, haýran goýýan tebigaty we hoşniýetli medeniýeti öwrenmek isleýän bolsaňyz, haýal etmän bu ýurda sary gyzykly syýahata ugraň.

Bu makalada size baryp göreniňe aňryýany bilen degýän Türkiýäniň özboluşly ýerleri dogrusynda gürrüň bereris.

Bodrum. Bodrumy ýuwýan Egeý deňziniň öwşün atyp duran suwuna çümmek örän lezzetli. Bu şäher sportuň suwdaky görnüşleri — sörfing, kaýt- we windsörfing, daýwing bilen meşgullanýanlary özüne çekýär.

Bodrumyň her burçunda hum deý açylaryna garaşyp ýatan beýik geçmişe eýe bolan taryhy özüňizçe açyň. Bir wagtlar gladiatorlaryň söweşleri bolan gadymy amfiteatryň harabalyklaryny öwreniň. Asyrlaryň goragçysy mysaly şäheriň üstünden diňleýän  keramatly Petriň galasyna baryp görüň.

Syrly zatlary halaýanlar dünýädäki iň uly suwasty arheologiýa muzeýine ähmiýet berseler gerek. Bu ýerde garaňkylyga gömlüp duran, deňziň düýbünden galdyrylan eserleri görüp bilersiňiz: gark bolan gämileriň bölekleri, amfora we geçmişiň syrlaryny saklaýan beýleki hazynalar.

Akýaka. Daglar we sosna tokaýlary bilen gurşalan Akýaka aşhana höwesjeňleri üçin täsin dünýädir. Bu dynç alyş zolagyna, esasan, türk ýaşlary baryp görýärler.

Akýaka özboluşly binagärlik görnüşi bilen myhmanlary ünsüni çekýär. Bu binagärlik ansamblynyň awtory türk žurnalisti we şahyr Naýil Çakirhandyr. Ol Osmanly, Egeý we türk arhitekturasyndan ylham alyp, tutuş şäher üçin görelde bolan maşgala öýüni döredipdir. Akýakanyň köçelerinde gezelenç edip görseňiz, bu ýerde ýekeje stiliň, rahatlygyň höküm sürýändiginiň gözli şaýady bolarsyňyz.

Akýaka Azmak derýasynyň boýunda, ewkalipt agaçlary bilen gurşalan. Gaýyk bilen gezelenç etmek bu ýeriň hoşboý ysly peýzažyndan lezzet almaga mümkinçilikdir.

Trabzon Gruziýa bilen serhetde ýerleşýär. Bu ýerden Gruziýanyň relýefi peýzažda şöhlelenýän bolsa-da, türk koloriti saklanýar.

Trabzonyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly her bir aýry-aýry gymmatlyklary bilen binagärlik elementlerinde, ýerli şiwelerde we täsin aşhana tagamlarynda özboluşly yzyny galdyrypdyr.

Trabzonyň esasy göwheri gaýada oýulan Panagiýa Sumela ybadathanasydyr. Bu ýerde esasy prawoslaw keramatlyklarynyň biri — Panagiýanyň Ikonasy saklanýar. Ybadathananyň üstünden ýöremek bilen, demiňi dartýan panoramik görnüşden lezzet alyp bilersiňiz.

Deňizde dynç almagy hem ýatdan çykarmaly däldir. Trabzon size amatly dynç almaga ýardam etjek Gara deňze girmäge mümkinçilik berýär. Tebigat bilen aýagyňyzy deň ädeýin diýseňiz bolsa, Uzengel kölüne baryp görüň. Bu ýerde özüne çekiji peýzažlaryň we doly rahatlygyň gujagynda özüňizi Şweýsariýadaky ýaly duýarsyňyz.

Kaýaköý bir wagtlar grekleriň joşgunly şäheri bolan bolsa-da, indi jahankeşdeleriň öňünde wagt bilen birlikde doňup galan, arwahlaryň şäheri mysaly örboýuna galyp dur.

1920-nji ýyldan soň, grek jemgyýeti bu ýerleri terk edip, taryhy watanyna dolandy. Türklerem bu boşap galan jaýlary janlandyrmak islemänsoňlar, Kaýaköý taşlanan şähere öwrülip galdy.

Boşlugyna garamazdan, Kaýaköý howsala düşmek ýa-da gorky duýgusyny oýarmaýar. Bu ýerde gorkunç filmleriň tutuksy atmosferasy bolmasa-da, taryhyň ruhy bilen gurlan mistiki ümsümlik höküm sürýär. Baýryň depesine ýeteniňizden soň, aýlagyň panoramik görnüşi sizi haýran galdyrar.

Egirdir köli. Egirdir şäherine barýan ýoluň ugrunda lawanda gülleriniň meýdanlaryna bir pursat aşyk bolup, durkuň bilen berilmek üçin bu ýerlerde säginip geçmegi ýadyňyzdan çykarmaň.

Egirdir Türkiýedäki dag gerişleri bilen gurşalan ikinji uly süýji suwly köldür.

Köli iki bölege bölýän ýerde gezelenç ediň. Onuň bir tarapynda siz ajaýyp, çuň suwy, beýleki tarapynda zümerrret öwüşginli ýaşyl keşbi görersiňiz.

Egirdir köli diňe bir aýlanmak ajaýyp ýer bolman, eýsem suw oýunlaryny halaýanlar üçin hem owadan ýerdir. Bu ýerde arassa suwda ýüzüp bilersiňiz, has lezzetli gyzyklanmalary halaýanlar bolsa bu ýeriň çuňňur suwa çümmek üçin niýetlenen ýörite tramplininden böküp bilerler.

Şeýle-de Wizantiýalylar tarapyndan gurlan gadymy gala baryp görüň. Bir wagtlar möhüm söwdanyň merkezi bolan ýerlerden geçip, taryhyň ajaýyplygyny başdan geçiriň. 

Türkiýä amala aşyrjak ýatdan çykmajak syýahatyňyza «Turkish Airlines» awiakompaniýasy bilen ýola düşüň!

«Turkish Airlines» — bu Türkiýäniň köp sanly gatnaw ugurlary bilen birlikde, dünýäniň 300-den gowrak ugruna giň uçuşlary hödürleýän öňdebaryjy awiakompaniýadyr.

Näme üçin «Turkish Airlines»-y saýlamaly?

- ýerleşýän ýeri amatly: «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň esasy merkezi Stambulda ýerleşýär. Bu bolsa ony uçuşlary Türkiýäniň islendik ýerine birikdirmek üçin amatly ýere öwürýär.

- häzirki zaman floty: «Turkish Airlines» iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze uçarlara eýe bolan dünýäniň iň döwrebap flotlaryndan biridir.

- rahatlyk: «Turkish Airlines» ýolagçylaryna rahat oturgyçlary, lezzetli iýmitleri we içgileri, bortdaky köp sanly dynç alyş programmalary bilen üpjün edilen ýokary derejeli rahatlygy hödürleýär.

- myhmansöýerlik: «Turkish Airlines» myhmansöýer işgärleri bilen meşhurdyr, olar islendik meselede ýolagçylara kömek etmekden hemişe hoşaldyrlar. 

- howpsuzlyk: «Turkish Airlines» uçuş howpsuzlygy babatynda uly aýratynlyga eýedir. Awiakompaniýa iň ýokary halkara howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär we bu ugurda abraýly baýraklary yzygiderli gazanýar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatda ýerleşýän merkezi bilen (+993 61) 01 44 33 telefon belgisi arkaly ýa-da şu salga barmak bilen habarlaşyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Peýdalanylan çeşme: ВФокусе Mail.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar