Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ykjam programma üpjünçiligi arkaly otly üçin «Türkmendemirýollary» petek satyn almak

0
110707

Ýakynda habar berşimiz ýaly, “Türkmendemirýollary” agentliginiň web saýtynyň üsti bilen, şeýle hem ykjam programma üpjünçiligi arkaly otlylar üçin islendik gatnawda onlaýn tertipde elektron petekleri satyn almak mümkinçiligi girizildi.

Bu makalada ykjam programma üpjünçiligi arkaly otly üçin petek satyn almak boýunça okyjylarymyz üçin gysgaça gözükdirme taýýarladyk.

“Türkmendemirýollaryndan” elektron petek satyn almak üçin gerek zatlar:

  • Bank karty;
  • Bank kartyna SMS habar hyzmatynyň birikdirilen bolmagy;
  • Bank kartyň CVC kody;
  • “Türkmendemirýollarynyň” ykjam programma üpjünçiligine ýa-da web saýtyna giriş mümkinçiligi;
  • Ýolagçylaryň pasport maglumatlary.

 

“Türkmendemirýollaryndan” elektron petek satyn almak gaty aňsat we ýönekeýdir. Satyn almak prosessi 5 tapgyrdan ybarat:

  1. Ugur gözlemek;
  2. Ugur saýlamak;
  3. Ýolagçylar barada maglumaty girizmek;
  4. Ýer  saýlamak;
  5. Töleg etmek.

1. Ugur gözlemek

Ykjam programma üpjünçiligi açylan badyna “Gözleg” menýusy saýlanylgy durýar. Gözleg menýusynda “Nireden”, “Nirä”, “Haçan”, “Görnüş” we adam sany setirleri ýerleşdirilen. Bu setirlere zerur maglumatlary girizip, degişli ugurlar boýunça gözlegi ýerine ýetirip bilersiňiz. Meselem: Aşgabatdan Amyderýa çenli, 14-nji iýulda, 1 tarapyna, 2 adam we 1 çaga. “Gözle” düwmesine basyň.

2. Ugur saýlamak

“Gözle” düwmesine basylandan soňra, şol senede, girizilen maglumatlara laýyklykda otlynyň ugurlary, ugraýan wagtlary, ýoluň uzaklygy, barýan wagty ýaly maglumatlar sanaw görnüşde çykar. Şeýle-de, bahasy bilen birlikde otlynyň görnüşi hem çykar: plaskart we kupe. Ugurlaryň üstüne basyp, jikme-jik maglumatlary hem almak bolar. Ugramakçy wagtyňyzy saýlanyňyzdan soň, otlynyň görnüşiniň üstüne basmaly.

3. Ýolagçylar barada maglumaty girizmek

Soňra “Ýolagçylar” penjiresi açylar. Bu penjirede habarlaşmak üçin telefon belgi we elektron poçta, şeýle hem ýolagçylar barada maglumat (ady, familiýasy, doglan senesi, jynsy, pasport belgisi we ş.m.) soralýar. Maglumatlary ýazyp, “Indiki” düwmesine basmaly

4. Ýer  saýlamak

Indiki penjirelerde otlyda ýer saýlanýar. Wagonyň boş ýerleri barada maglumatlar suratda interaktiw reňkler bilen nyşanlanan. Oturjak ýeriňizi “Saýla” düwmesi arkaly saýlap bilersiňiz.

5. Töleg etmek

Bu soňky tapgyr bolup, girizilen maglumatlar barlanýar we töleg ýerine ýetirilýär.

Töleg ýerine ýetirilenden soňra, eger elektron poçtaňyzy görkezen bolsaňyz, petek elektron poçtaňyza iberiler. Şeýle-de, petekler “Peteklerim” menýusynda durar.

Ykjam programma üpjünçiliginiň iň amatly taraplarynyň ýene-de biri: her gezek täzeden ýazyp wagt gidirmez ýaly, “Ýolagçylar” menýusynda ähli girizilen ýolagçylar barada maglumatlar saklanýar we her petek satyn alnanda ýolagçylary saýlap goşaýmak galýar. “Biletler” menýusynda bolsa satyn alan petekleriňiziň nusgalary saklanýar.

Onlaýn töleg etmek, bank kartynyň CVC koduny bilmek, SMS habar hyzmatyny birikdirmek barada makalalary siz bilen paýlaşypdyk.



Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar