Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Peýdaly, emma zyýany hem bar: semizlige eltip biljek önümler

0
44859

Dogry iýmitlenmegiň saglygymyzyň özenini düzýändigini hemmämiz bilýäris. Emma peýdalydygyna garamazdan, semremegimize sebäp bolup biljek birnäçe önümler hem bar. Hawa, bu hakykatdanam şeýle. Iň saglyga peýdaly we ýokumly iýmitleriň hem, öz ýetirip bilýän zyýanly täsirleri bar.

Awokado — bu, esasan, ýürek we deri üçin peýdaly maddalaryň toplumydyr. Şeýle-de bolsa, örän peýdaly iýmit bolansoň, bu miwede köp kaloriýa jemlenýär. Iýmit mukdaryndan artyk bolmazlygy üçin, awokadony iýeniňizde başarsaňyz onuň dörtden bir bölegi bilen çäklenjek boluň.

Dorag — belogyň we kalsiniň çeşmesi. Ýöne muňa has uly ähmiýet bermek hem dogry däldir. Doragy ýygy-ýygydan, esasanam, gijelerine iýmek artykmaç agram almaga sebäp bolup biler. Bularyň hemmesi sellýulitiň emele gelmegine esas bolýan ýönekeý uglewod, laktoza bilen baglydyr.

Gury ertirlikler — bu hem hemişe peýdaly däldir. Olaryň düzümindäki şeker semremezlik bilen bagly edýän ähli aladalaryňyza ters täsir edip biler. Eger mundan ýüz öwrüp bilmeýän bolsaňyz, goşundysyz hlopýalary saýlaň ýa-da ony adaty hlopýa bilen çalşyň. Adaty hlopýa süýüme baý we iýmit siňdirişini gowulaşdyrmaga kömek eder.

Smuzi — bedeniňizi witaminler we minerallar bilen doýurmagyň ajaýyp usulydyr. Bu sagdyn içgini kaloriýaly iýmite öwürmek üçin oňa şeker, şire we doňdurma goşmaň. Içginiň iň laýyk ölçegi — 300 ml. Muny, hakykatdanam, sagdyn içgä öwürmek üçin gök önümleri, miweleri, suw we buz ulanyň.

Guradylan miweler — kaloriýanyň jemlenen çeşmesi. Guradylan miweleriň birnäçe gysymy gündelik kaloriýanyň mukdaryndan aňsatlyk bilen geçip biler. Semremezlik üçin guradylan miweleri kadaly möçberde iýiň.

Maňyzlar — beloklaryň we peýdaly ýaglaryň gymmatly çeşmesi. Şeýle-de bolsa, olaryň ýokary kaloriýalylyk mukdary semremek meselesinde olary azda-kände zyýanly edýär. Şonuň üçinem maňyzy gereginden artyk iýmejek boluň.

Täze sykylan miwe şireleri witaminleriň jemlenen önümidir. Muňa garamazdan, olaryň düzüminde köp mukdarda fruktoza bar. Kaloriýany azaltmak üçin süýtli şirelere ähmiýet beriň, olary kadaly içmäge çalşyň.

Ýogurt — bu örän peýdaly önüm, esasanam tebigy, goşundysyz bolanda onuň beden üçin peýdasy köp. Ýogurt saýlanyňyzda, şeker ýa-da tagam beriji goşunlar goşulmadyk ýogurtlary saýlap aljak boluň. Bu önümiň tebigy görnüşi zyýanly däldir.

Peýdalanylan çeşme: the-challenger.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar