Saglygymyzy we ýaşaýşymyzy kem-kemden gädip, soňlugy bilen uly zyýanlary ýetirýän, emma welin üns-alada etmeýän inçeden duýulmaýan ýaramaz endikler bar. Olara biz bedenimiz barjak ýerine baryp, zeper bilen bütinleý gurşalýança, özi bilen dürli keselleri, agyrylary, energiýanyň we işjeňligiň direýän gutarýan ýerine çenli ýetmegini getirýän pursadyna deňiç äňetmeýäris, hatda biziň piňimize-de bolmaýar. Muny duýup, garşy göreşmegiň möhümdigine welin bu barada azajygam bolsa oýlanan islendik adam düşünse gerek.
Birinji endik: Ukymyzyň yzygiderli ýagdaýda ýetmezçilik etmegi
Lukmanlar yzygiderli gaýtalanýan ukusyzlygy döwrümiziň iň möhüm meseleleriniň biri hasaplaýarlar we adamlaryň aglaba köpüsinde bu endigiň bardygyny belleýärler. Häzirki zaman durmuşynyň tizligi adamlary ukusynyň mazasyny duýmaz derejede azaltmaga mejbur edýär: 1960-njy ýyllarda bir adam ortaça 8 sagat uklan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 6,5 sagada çenli azaldy. Hemişelik stress halda bolmak asla bu ýagdaýy yzygiderli uky bozulmalara getirip, bu ýaramaz endigiň esasy sebäplerinden biridir.
Köp adamlar dynç günleri ukynyň ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin «uky bulimiýasyny» amal edýärler. Şeýle-de bolsa, Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň (Illinoýs) alymlary bu çemeleşmäniň netijesizdigini mälim etdiler. Beden uky ýetmezçiligini diňe indiki gije-gündiziň dowamynda dolduryp biler. Ukusyzlygyň yzygiderli toplanmagy gahar-gazabyň, depressiw ýagdaýlaryň we artykmaç agramyň ýokarlanmagyna getirýär.
Ikinji endik: Berhiz tutmak
Nobatdaky zyýanly endikleriň biri sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän diýlip, dürli berhizleriň kömegi bilen hemişe horlanmak synanyşyklarydyr.
Berhiz tutýanlar üç topara bölünýär. Birinji topar islenýän agramy gazanmagy başarýar, ýöne adaty iýmitlenişe gaýdyp gelensoň, ýene-de artykmaç agram alýarlar, bu bolsa streslere we horlanmak üçin täze synanyşyklara sebäp bolýar.
Ikinji topar çäklendirmelere çydap bilmeýär we adaty iýmitlenişine gaýdyp gelensoň, başdakysyndan has köp agram alýar.
Üçünji topar iň yzygiderli, täze berhizler bilen yzygiderli synag edýär ýa-da şol bir görnüşini kadaly gaýtalaýar. Bu adamlar, hususan-da, ýetilmedik maksatlary üçin günäkärlik duýgusynda bolýarlar, has berk çäklendirmeler bilen özlerini jezalandyrýarlar, hemişe aç bolýarlar we köplenç zerur iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýärler.
Eger olar fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrylan deňagramly iýmitiň peýdasyna tükeniksiz berhizlerden ýüz öwürseler, islenilýän netije tebigy ýagdaýda gazanylar.
Üçünji endik: Kofäni köp içmek
Kofäniň aşa köp sarp edilmegi saglyga uly howp salýar. Lukmanlar günde iki bulgur bilen çäklenmegi maslahat berýärler, ýöne köp adam öndürijiligini saklamak üçin bu kadadan ep-esli ýokary derejede kofe içýär. Kofäniň energiýa öndürmeýändigine, diňe bedeni özüne öwrenişdirýändigine düşünmek möhümdir. Şeýle ýagdaý näçe köp bolsa, netijeleri şonça-da çynlakaý bolýar: ukynyň bozulmagy, nerwiň ýokarlanmagy, depressiýanyň artmagy. Umuman, energetiki içgiler saglyga örän howply täsir edýär.
Dördünji endik: Hereketiň we kislorodyň ýetmezçiligi
Kislorod ýetmezçiligi bedeniň sagylygyny peseldýän ýene bir faktordyr. Adamlaryň köpüsi açyk howada az wagt geçirýärler. Hatda şäher howasy, hapalanmagyna garamazdan, içerdäki howadan hil taýdan ep-esli tapawutlydyr. Kislorod ýetmezçiligi metabolizmi haýalladýar we çalt ýadamaklyga getirýär.
Hereketsizlik häzirki döwrüň hakyky müşgilligine öwrüldi. Yzygiderli fiziki işjeňligiň diňe bir ýürek-damar keselleriniň we depressiýanyň döremek howpuny azaltman, eýsem ömrüňe ep-esli derejede oňyn täsir edýändigi ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Muny Günorta Karolina uniwersitetiniň 12 ýyllap 2600 sany ýaşuly adamdan ybarat bolan uzak möhletleýin okuwy tassyklaýar. Netijeler, fiziki işjeňligiň uzak ömre täsiriniň hatda adaty beden massasynyň görkezijisinden hem ýokarydygyny görkezdi.
Peýdalanylýan çeşme: medcentrnorma.ru