Köp adamlar «pikirleriň materialdygy» baradaky pikire ynanýarlar. Emma, hakykatdanam, adam islendik bir zat şeýledir diýip özüni ynandyrsa, isle ol aň taýdan ýa aňasty taýdan kabul edilýän düşünje bolsun, tapawudy ýok, ol adamyň bütin durmuşyna täsir edýär.
Şundan çen tutup aýtsak, haýsy tersin ynançlar adamyň durmuşyndaky üstünliklere eltip biljek ýollara böwüt bolup bilýärkä?
Özüňi isleýän zadyňa mynasyp däl ýaly duýmak, arzuwlaryňa çynlakaý päsgelçilik bolup biljek zat diýip düşünmek.
Bu ýagdaýda maksatlar hiç ýetip bolmaýan netije ýaly, şahsy resurslar bolsa ýeterlik däl ýaly görünýär. Başgalaryň arzuwlaryna ýetmegine çynyň bilen kömek edýärsiň, ýöne öz arzuwyňy bolsa amala aşyrmagy unudýarsyň.
Bu ynam bilen göreşmek iň kyn meseleleriň biri. Ol öz üstüňde çynlakaý işlemegi we özüňe hormat goýmagy talap edýär. Beýle ýagdaýda özüňe edil ýakyn dostuňa edişiň ýaly alada we goldaw bilen çemeleşmegi öwrenmek zerur. Sabyrly bolup, özüňden edil mümkin däl zady hem talap etmeli däldir, şeýlelikde-de kem-kemden maksadyňa tarap hereket etmeli.
Biziň köpimiz arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin wagtymyz köp ýaly duýýarys. Köp işleri ertire goýýarys, «häzir başlaryn» diýip, ýaltalyk edýäris. Emma bu diňe bir illýuziýa. Ertir bize näme garaşýandygyny kim bilýär: saglyk ýagdaýymyza kepil ýok, şeýle-de garaşylmadyk kynçylyklar islendik pursatda ýüze çykyp biler.
Eger hakykatdanam bir zada ýetmek isleýän bolsaňyz, wagtyňyzy ýitirmäň! Edil şu minutlardan herekete geçiň.
Şowsuzlykdan halas bolup bilmejekdigiňe bolan ynam. Adamlar şowsuzlyklara arzuwlarynyň mümkin däldiginiň we ýetip bolmajakdygynyň anyk alamaty diýip düşünmek bilen, ýalňyşýarlar. Şeýle-de bolsa, köplenç şowsuzlyklar haýsydyr bir ýerde ýalňyşlyk goýberilendigini görkezýär. Mysal üçin, ähli şertleriň göz öňüne tutulmandygy, ýagdaýyň gowy ölçerilmändigi, işiň howlukmaç ýerine ýetirilendigi ýa-da garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy we ş.m.
Aslynda, şowsuzlyk — islendik maksada barýan ýoluň aýrylmaz bölegidir.
Geçmişde ençeme gezek şowsuzlyga duçar bolandygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň. Olara nähili çemeleşmelidigini bilýärsiňiz we indi sizde ýoluňyzy dowam etmek üçin ähli zerur düşünjeler, durmuşyň beren sapaklary bar.
Ýaramaz pikirlere we tejribelere wagtdyr güýç sarp etmäň. Munuň ýerine, ýalňyşlyklaryňyzdan gymmatly sapaklary öwrenmäge, maksadyňyza tarap hereket etmäge ähmiýet beriň.
Özüňi üýtgedip bilmejekdigiňe bolan ynam. Eger adamlaryň her biri dünýä inen pursadyndan bäri üýtgemeýän häsiýetleriň toplumy diýip düşünýän bolsaňyz, onda ýalňyşýarsyňyz!
Biziň her birimiz her günde kimdigimizi, näme etjekdigimizi, belli bir ýagdaýda nähili hereket etmelidigimizi kesgitleýän netijeleri çykarýarys. Hut şu ululy-kiçili çözgütlerimizem — biziň şahsyýetimizi döredýär.
Eger arzuwyňy amala aşyrmak isleýän bolsaň, onda hökman üýtgemeli. Rahatlyk ýagdaýyndan çykmakdan, täze zatlary synap görmekden, ýalňyşmakdan we ýalňyşlaryňyzdan sapak edinmekden gorkmaň.
Başgalaryň siziň mümkinçilikleriňize has obýektiw baha berýändigi baradaky ynam. Daşyndan seredeniňde isleýän zadyňa ýetip biljekdigiň ýa-da onuň başa barmajakdygy has aýdyň görnüp biler. Ýöne adamlaryň ähli zada öz tejribeleri we dünýä baradaky pikirleri bilen baha berýändigini ýatdan çykarmaň. Olaryň pikiri hemişe obýektiw däl, şonuň üçinem ol iki pikirlilige, göriplige ýa-da ýönekeý düşünişmezlige esaslanyp biler.
Başgalaryň pikirlerine eýerseňiz, özüňize we mümkinçilikleriňize hemişe şübhelener ýörersiňiz.
Islendik tankyt, hatda esassyz tankyt hem agyryly bolup biler. Emma iň esasy hakykat hökmünde ony kabul etmezlik möhümdir. Tankyt diňe başga biriniň pikiridir we bu özüňe hormat goýmagyňa hem-de meýilnamalaryňa täsir etmeli däldir.
Howply ýalňyş düşünje: «Eýýäm juda giç». Bu bir islendik zat babatda mümkindir diýmegiň tersin görnüşidir — «eýýäm giç». Arzuwyňyzy amala aşyrmak üçin iň amatly wagt eýýäm geçen ýaly bolup görünýär: ýaşlygyňyzda, talyplyk ýyllaryňyzda, ýaş we has gujurly wagtyňyz...
Emma ýadyňyzdan çykarmaň, adam dirikä, islän zadyna tarap ilkinji ädimi ätmäge hemişe mümkinçilik bardyr.
Peýdalanylan çeşme: brodude.ru
Şeýle-de okaň: