Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Torty nädip owadan kesmeli: «Zyýat Hil» konditer dükanyndan maslahatlar

0
31166

Tort kesilen mahalynda ony bolşuna görä, adaty, tagaşyksyz kesmezlik üçin, eýsem, tort böleklerinden owadan we kadaly görnüşi döredip, onuň bilen saçagy özboluşly bezemek, munuň üçinem torty ajaýyp usulda kesmek babatda «Zyýat Hil» dükanlarynyň konditeri peýdaly maslahatlaryny paýlaşdy.

Torty nähili usulda kesmelidigi barada oýlanmazdan öňinçä, esasy guraly — ýitije pyçagy ýatdan çykarmaň. Munuň üçin pyçagyň balyk üçin niýetlenen ýa-da aşpezleriň ulanýan görnüşi örän laýyk bolar. Ony gaýnag suwa salyp, ýa bolmasa-da az-kem otda gyzdyryp ulansaňyz, has takyk we kadaly kesip bilersiňiz.

Kesmegiň iň ýönekeý usullary:

Üçburçluk nusgawy prizma görnüşli kesim. Tortuň merkezine pyçagy dürtüp, ondan aralary deň bolan göni kesimleri almak. Munda usullylyk bilen tortuň ortasyna salnan pyçagy gyralygyna kesip geçirmeli. Şeýlelikde, üçburçluk şekilinde  göwrümli deň kesimleri almak bolýar.

Kadaly romblar. Torty keseligine zolaklara bölüň we romb şekilli bölekleri döretmek üçin diagonal çyzyk çekip kesiň.

Tegelek torty nädip kesmeli?

«Çopantelpek» — bu usul az bezegli tortlar üçin amatlydyr.

Tegelek şekili ýasamak üçin kiçijik tegelek şekilli gaby tortuň üstünde goýup, ony yzarlap çyzyň-da kesiň. Tegelegiň ortasyndan galan bölegini deň böleklere bölüň. Tortuň ortasyny goýup, kesmegiňizi tamamlaň.

Konditer önümlerini kesmegiň «matematiki» usuly Frensis Galton tarapyndan 1906-njy ýylda oýlanyp tapyldy. Iňlis alymynyň pikiriçe, tort kesilende guramaýandygy üçin ýumşak we şireli bolup, «ýokary gastronomiki lezzeti» döredýär.

Tortuň ortasyndan bir zolagy kesiň-de aýyryň. Eger süýjülik uly bolsa, zolagy böleklere bölüň. Soňra galan iki bölegi birikdiriň we ýene-de ortadan zolak kesiň. Netijede, doly bölünen dörtburçluklar peýda bolar. Torty «ýygnamak» üçin birleşdiriň.

Surat: www.maria-irk.ru

Kwadrat görnüşli torty nädip kesmeli?

Kwadrat we gönüburçluk göwrümli tortlar — bu amatly saýlawdyr. Olary aňsatlyk bilen deň böleklere bölüp, hiç bir myhmany süýjüliksiz goýmarsyňyz.

Kwadrat görnüşde kesmek. Tortuň ululygyna baglylykda, deň aralykda iki ýa-da üç sany uzyn kesim kesiň. Soň bolsa uzyn taraplaryny deň böleklere bölüp, birnäçe kesim ediň.

Üçburçluk görnüşinde kesmek. Munda birinji usuly ulanyp, torty gönüburçluk şekilinde böleklere bölüň. Olaryň sany myhmanlaryň sanynyň ýarysyna deň bolmalydyr. Alnan her gönüburçlugy diagonal görnüşde bölüň.

Surat: www.maria-irk.ru

Kadaly bolmadyk göwrümli torty nädip kesmeli?

Konditerlik sungatynyň dünýäsi täze trendleri bilen haýran galdyryp, bir ýerde durmaýar. Öň inedördül tort döredijiligiň çürbaşy hasaplanan bolsa, häzirki wagtda dürli şekilli süýjüliklere duşmak bolýar: ýumurtga şekilli, gül şekilli, ýürek şekilli, altyburçluk görnüşde we ş.m.

Internet sahypalaryndan dürli göwrümdäki tortlaryň dogry kesilmegini görkezýän köp sanly usullary tapmak bolýar.

Surat: www.maria-irk.ru

Goşmaça maslahatlar:

- Torty kesmezden ozal sowadyň. Bu onuň görnüşini saklamaga we kesmegi aňsatlaşdyrmaga kömek eder.
- lopatka ulanyň. Torty hereket etmezligi üçin aşagyndan tutup alyň.
- keseniňizde gyssanmaň. Pyçak bilen ýuwaşlyk bilen, rahat hereket edip kesmäge çalşyň.
- pyçagy süpüriň. Her keseniňizden soň, çygly mata bilen tortuň bölejiklerini aýyryň.

Indi bolsa, torty kesmegiň täsin syrlaryny bilýän bolsaňyz, torty ajaýyp görnüşde kesip eliňizi synap görmegiň wagty geldi!

«Zyýat Hil» — bu diňe bir konditer önümleriniň dükany däl-de, eýsem datly tagamlaryň we fantaziýalaryň dünýäsi. Bu ýerde islendik görnüşli dizaýndaky torty sargyt edip bilersiňiz ýa-da taýýar süýjüligi saýlap bilersiňiz.

Näme üçin «Zyýat Hili» saýlamaly?

- Saýlamaga tort we süýjülikler köp: nusgawy biskwitlerden başlap, huruşly awtorlyk süýjüliklerine çenli.

- Özbaşdak çemeleşme: bu ýerden islegiňize görä tort sargyt edip bilersiňiz.

- Ýokary hil: «Zyýat Hiliň» süýjülikleriniň ählisi täze we tebigy önümlerden taýýarlanylýar.

- Owadan bezelmegi: bu ýerdäki tortlaryň her biri özbaşyna çeper eser ýaly.

- Oňaýly hyzmatlar: tortlary telefon arkaly sargyt edip, ýa-da «Zyýat Hil» söwda nokatlarynyň islendik birinden taýýar görnüşde satyn alyp bilersiňiz.

«Zyýat Hil» — ýakymly we owadan süýjülikler bilen özüňizi hem-de ýakynlaryňyzy begendirmek üçin amatly ýer.

Aşgabat şäherinde «Zyýat Hil» dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: www.maria-irk.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar