Täze 2024-nji ýylam indi uzakda däl, bu hakykat eýýäm öý bikelerini baýramçylykda geljek myhmanlaryň göwnünden turar ýaly edip saçak ýazmak barada oýlandyrýan bolsa gerek.
Gündogar senenamada aždarha ýyly hasaplanýan Täze ýyla geçilende saçakda nämeleriň bolmagy simwoliki hasaplanýar
Hytaýyň senenamasyna görä, Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk ter nahar goşundylaryny we tagam berijileri satyn almak bilen başlanýar. Aždarha ýylynda bu zatlar aýratyn orna eýedir, şonuň üçin sarymsak, ajy gyzyl burç, zenjebil, gwozdika we anis ýaly önümler baýramçylyk tagamlarynda hökman bolmalydyr.
Balyk we deňiz önümleri — ot demli aždarhanyň iň gowy görýän tagamlary. Şeýle-de bolsa, bu ýyrtyjy gyzgyn sously ýa-da tagam berijiler goşulsa has-da datly boljak gowy bişirilen etden hoşal bolar.
Stolda täze ter miweler, aýratynam apelsin bolmalydyr.
Desert üçin bolsa islendik süýjülikleri taýýarlap bilersiňiz, ýöne aslynda beýle ýagdaýda ajaýyp bir süýjüligi bişirseňiz örän göwnejaý bolar. Geljek ýylyň nyşany synaglary, çemeleşmeleri gowy görýär, şonuň üçinem siziň tagallalaryňyza hökman oňat baha berer.
Baýramçylyk saçagyna nähili naharlary goýmaly däl diýilýär
Baýramçylyk saçagyna towşan etinden taýýarlanan tagamlary goýmak maslahat berilmeýär, sebäbi rowaýata görä, beýik we hoşniýetli Aždarhanyň halas eden jandaryny saçaga almak ýakymsyz bolar öýdülýär.
Bu ýyrtyjy üçin towukly tagamlary örän ýönekeý, konserwirlenen iýmitler we ýarym taýýar önümler bolsa baýramçylyk saçagynda düýbünden gelşiksiz hasap edilýär.
Baýramçylyk saçagyny nähili bezemeli
Gündogar senenamasy boýunça Täze 2024-nji ýylyň şowlulyk getirýän reňkleri şular:
- altynsow;
- kümüşsöw;
- ak we onuň ähli öwüşgini (süýt, krem, ekrýu);
- çal (grafitden başlap ýumşak çal reňke çenli, ýyly we sowuk öwüşginleri saýlap bilersiňiz);
- gyrmyzy we onuň öwüşginleri;
- şokolad.
Saçak örtükleri, salfetkalar we baýramçylyk saçagynyň beýleki bezegleri ýylyň nyşanyna laýyk aralykda saýlanylyp bilner. Şeýle hem saçagy agaç aždarha heýkeljikleri bilen bezäp bilersiňiz.
Baýramçylyk saçagy üçin nämeleri bişirmeli
«Türkmenportal» web saýtynyň okyjylary üçin «Soltan» restoranlar torunyň aşpezi türk aşhanasynyň däp-dessurlaryna laýyklykda taýýarlanylýan Täze ýyl saçagynyň tagamnamasyndan birnäçe ajaýyp ideýalary hödürleýär.
Işdäaçarlyk
«Çig köfte» kotletleri: bulgur (3 käse), sogan (1 sany), pomidor pastasy (2 nahar çemçesi), burç pastasy (3 nahar çemçesi), sarymsak, otlar, duz, ajy burç (gyzyl we gara), uzadylanda ýany bilen limon.
Nädip bişirmeli: bulgury çuň jama guýuň we üstüne iki käse gaýnag suw guýuň. Gapak bilen ýapyp, demini aldyryň. Suwuklyk siňdirilenden soň, ardylan sogany we sarymsagy, pomidor pastasyny, otlary we ýakymly ysly goşundylary goşuň. Soňra garyň.
Taýýar bolan garyndydan kotletleri emele getiriň. Limon bökleri bilenem saçaga uzadyň.
Salat
Gowrulan pomidorly salat: pomidorlar, iň gowusy çerri pomidoryny alyň (400 gr), salat ýapragy, sarymsak (1 diş), tebigy ýogurt (200 ml), zeýtun ýagy, duz we owradylan gara burç.
Nädip bişirmeli: çerri pomidorlaryny zeýtun ýagynda gowurmaly. Ýogurdy 50 ml zeýtun ýagy bilen garmaly. Ownuk dogralan sarymsagy, duzy we burçy goşuň. Alnan sousy salat ýapraklarynyň garyndysy bilen gowurmaly we gowrulan pomidor bilen bezemeli.
Gyzgyn tagam
Kurdan kebab: üwelen sygyr eti (350 g), uzyn baklajan (2 sany), pomidor (2 sany), sogan (1 sany), pomidor pastasy (2 nahar çemçesi), petruşka, duz we ownuk gara burç.
Nädip bişirmeli: baklajany 0,5 sm galyňlykda uzyn edip kesiň (10 dilim gerek bolar). Ajylygyny aýyrmak üçin baklajany gowy edip duzlaň we 20 minutlap goýuň. Soňra baklajany sowuk suwda ýuwmaly, guratmaly we iki taraplygyna gowurmaly.
Üwelen ete ownuk dogralan sogany we petruşkany goşuň, duzlaň hem-de burçlaň. Ondan kiçijik kotletleri ýasap, gowruň. Pomidorlary tegelek şekilde bölüň.
Baklajanyň iki dilimini atanaklaýyn üst-üstüne goýuň, ortasyna bolsa bir kotleti ýerleşdiriň. Kotleti baklajan dilimine dolaň, üstüne bir bölek pomidor goýuň we diş gorjalýan bilen usully birikdiriň. Bu görnüşde ýygnanan bölekleri göwrüme getirip, oňa pomidor pastasyny guýuň (1 stakan suwda garmaly) we ojakda 25-30 minutlap bişirmeli.
Täze ýyldan öňki aladalary ýeňletmek üçin «Soltan» restoranlar tory naharlary öýe eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Naharlary eltip bermek baýramçylyga taýýarlyk görmek ýa-da ýakynlaryňyz bilen saçak başynda jemlenişmek üçin wagtyňyzy hem-de güýjüňizi tygşytlar.
«Soltan» restoranlarynyň eltip bermek hyzmaty — hiliň we tagamyň kepili. Naharlaryň ählisi diňe adaty türk reseptlerine laýyklykda täze hem ter önümlerden taýýarlanylýar. Restoranyň tagamnamasynda meşhur Ýewropa tagamlary we tiz tagamlar hem bar.
Bu restoranlardaky desertler özboluşly ünsi çekýän tagamlaryň görnüşleridir. Olara dürli huruşly tortlar, datly çizkeýkler, howalandyrylan kökeler, türk süýjüleri we başgalar degişli.
«Soltan» restoranlar tory Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, şu aşakda görkezilen salgylarda tagamly naharlardan we ýakymly atmosferadan lezzet almaga çagyrýar:
- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
- Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
- Magtymguly şaýoly, 217-nji jaý, «Gül Zemin» söwda merkezi, 3-nji gat, D 09. Telefon belgileri: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
- «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat C-3.24. Telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;
- G. Kuliýew köç., 72-nji jaý, 2-nji gat («Soltan» binasy). Telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.
Peýdalanylan çeşmeler: ren.tv; www.russianfood.com; eda.ru; kulinario.me
Şeýle-de okaň: