Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gündelik rasionyň möhüm bölegi — ertirlik: ol nähili bolmaly

0
54163

Dietologlar we nutrisiologlar ertirlik iýmegi bütin günüň dowamyndaky ähli naharlardan iň möhümi hasap edýärler, şonuň üçinem ony hiç sypdyrmazlygy maslahat berýärler. Dogry iýilen ertirlik nahary organizme energiýa berýär, iýmitlik maddalary bilen üpjün edýär hem-de günortana çenli wagtyňy önjeýli işläp geçirmäge mümkinçilik berýär. Ertirlik edinmegiň hökman gerekdigini sebäbi-de, ir bilen, takmynan, sagat 8-9-lar töweregi organizmde stress gormony bolan kortizolyň işlenip çykýandygy bilen baglydyr. Ony bolsa irdenki güýç sarp etmä we ertirlerine bolýan açlyk duýgusyna jogap berýän böwrekasty organlar bölüp çykarýar. 

Dietologlaryň pikirine görä, ertirlik nahary agyr bolmaly däldir, emma dokundyrýan iýmitlerden ybarat bolmaly. Dogry iýilýän ertirlik naharynyň düzüminde hökmany belok (boldugyndan malyň et-ýagyndan, wegetarianlar üçin bolsa gök-bakja önümlerden) hem-de agyr uglewodlar bolmaly.

Beýle ýagdaýda belogyň çeşmesi hökmünde peýnir we süýt önümlerini (gatyk, ýogurt, dorag, peýnir...), gaýnadylan ýumurtgany, peýnirli we adaty omletleri, ýagsyz eti ýa-da balygy almak bolar. Ertirlikde şöhlat önümlerinden başarsaňyz, özüňizi çetleşdirjek boluň, sebäbi onuň düzüminde gereginden artyk derejede mal ýagy we duz bar.

Agyr uglewodlar bolsa däne iýmitlerinde, bugdaýyň gaty sortlaryndan taýýarlanylan makaronlarda, ýeralmada (gowrulmadyk), çörekde köp bolýar. Däneden bişirilýän kaşa iň gowy ertirlik hasaplanýar. Owsýannyý, greçka, mekgejöwen, bugdaý däneli kaşalarda köp sanly kletçatka jemlenýär. Bu hili kaşalary suwda, süýtde, şeýle-de et bilen bilelikde gaýnadylyp bilner.

Ertirlik mahaly nahardan soň, ter miweler ýa-da hozdur maňyz iýilse-de göwnejaý bolar. Miweler kletçatkalara we şekere baý witaminleri, hozlar bolsa — ösümlik belogyna we ornuny çalşyp bolmajak ýag kislotlaryna eýedir. 

Eger siz ir bilen kofe ýa-da çaý içmäge endik eden bolsaňyz, sagdyn ertirligiň ýörelgelerine eýerjek bolup olary içmegi goýsaňyz bolmaz, ýöne esasy çaý bolsa-da, kofe bolsa-da ajöze içilse bolmaýar, aýratynam kofäňize az-kem süýt goşup tagamyny açmagy unutmaň. Esasanam, ertirligimiň ýerine tutýar diýen düşünje bilen nahar iýmegiň ýerine ýekeje bulgur kofe içip oňmaň.

Ertirlik nahary kaloriýasy babatda her adamda aýry-aýry kesgitlenýän bütin günüň dowamyndaky kaloražyň takmynan üçden birini tutmalydyr.

Surat: ru.freepik.com

Bu hili ozaldan kadaly ertrirlige türk aşhana däplerinde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkiýede ertirlik edinmek — iň möhüm we iň esasy naharlanmak wagty. Türkiýede ertirlik wagtynda stolda, adatça, künjüli çörek, peýnir, zeýtun, mesge ýagy, büzmeçe şöhlatlar, dürli hili huruşly uly bolmadyk piroglar ýa-da blinçikler, gaýnadylan ýumurtga, ary baly, goýy gaýmak, şeýle-de Türkiýede dürli görnüşde taýýarlanýan çakylan ýumurtga bolýar. Mundan başga-da, elbetde, ir bilen taýýar edilen stoly ýaňy döwlen dänelerden ybarat, ýanýan kömürde ýa-da çägede ýörite türk turkasynda gaýnadylan we kiçi farfor bulgurlarda satylýan türk kofesi bezeýär.

Türkmenistanda türk aşhanasynyň tagamlaryna uly hormat we söýgi bilen çemeleşilýär. Ýurtda türk tagamlary taýýarlanýan restoranlary paýtagt şäher Aşgabatda-da, beýleki şäherlerde tapmak bolýar. Türk aşhanasynyň ertirlik naharyny bolsa tagamnamasy datly iýmitlere baý bolan Aşgabatdaky “Soltan” restoranlar tory müşderilere uly hormat bilen hödürlemäge taýýardyr.

Köp işewürler, uzak wagtlap işleýän hünärmenler hemişe öýlerinde ertirlik edinip ýetişmeýärler. “Soltan” restoranlary ter, gyzgyn, doýurýan we tagamly, peýdaly kaloriýalardan ýeterlik bolan we netijeli işlemäge ýardam etjek türk ertirlik naharlaryny hödürleýär.

“Soltan” torunyň restoranlarynyň Aşgabat şäheriniň dürli künjeginde bolmagy örän oňaýlydyr. Olaryň islendik birinden adaty ertirlik naharlary bilen birlikde, türk aşhanasynyň naharlaryny sargyt etmek bolýar.

Aşgabatdaky “Soltan” restoranlarynyň salgylary:

- “Berkarar” SDAM, 3-nji gat, № D 17, telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;

- “Berkarar” SDAM, 3-nji gat, № D 2, telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;

- “Berkarar” SDAM, 3-nji gat, № K 1, telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;

- «Aşgabat» SDAM: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;

- Andalyp köçesi, 80-nji jaý, telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;

- G.Kulyýew köçesi, 72-nji jaý (“Soltan” binasy), telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Peýdalanylan çeşmeler: chefrestoran.ru; dtcgig.by; sputnik.by; moystambul.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar