Bütindünýä poçta güni 9-njy oktýabrda, ýagny 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň Bern şäherinde Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) döredilen gününde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen BPB-niň Kongressinde resmi taýdan yglan edilýär.
Bütindünýä poçta güni — bu poçta pudagynyň adamzat jemgyýetine hem-de ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine getiren ähmiýetini baýram etmek mümkinçiligidir.
Poçta baradaky täsin hem-de haýran galdyryjy rekordlary we faktlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
1. Beýik Britaniýanyň Sankuar diýen obasynda dünýäniň iň gadymy poçta bölümi ýerleşýär. Ol 1712-nji ýyldan bäri, ýagny 311 ýyl bäri işläp gelýär. Bu sanawda ikinji orunda 1720-nji ýyldan bäri işläp gelýän Stokgolm şäherindäki poçta bölümi durýar.
Surat: thevoicemag.ru
2. 1913-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir ene-atalar 22,68 kilograma çenli bolan guş we beýleki mallary ibermek üçin hyzmatdan peýdalanyp, çagalaryny poçta bilen iberipdirler. Şeýle ýollamanyň bahasy bir dollardan hem az bolup, otly biletinden-de birnäçe esse arzan bolupdyr. 1914-nji ýylda poçtaçylaryň çagalary kabul etmegini gadagan edýän karar çykaryldy. Şeýle-de bolsa, şol döwürde birnäçe maşgala bu hyzmaty ulanmagy başarypdyr. Şeýdibem, bary-ýogy 15 sente oglanjygy enesiniň ýanyna ugradypdyrlar.
Çagalary ýörite poçta haltalaryna gaplapdyrlar we olaryň eşiklerine möhür basylypdyr. Barmaly ýerine iberilen mahaly ýolda olara çaparlar göz-gulak bolupdyrlar.
3. Londonyň poçta bölümlerine Beýker strit 221B salgysynda ýaşan Şerlok Holmsyň adyna yzygiderli hatlar gelip gowuşýar.
4. 2006-njy ýylda raketada uçurylan Plutonyň suraty ýerleşdirilen poçta markasy rekord derejedäki 5 250 843 896 kilometre ýetmegi başardy. «New Horizons» kosmiki gämisi 2015-nji ýylyň iýul aýynda karlik planetasynyň orbitasyna ýetdi.
5. Elan Forman 1984-nji ýylda aýaly Jenete dünýäniň iň uzyn mazmunly hatyny iberdi. Bu hat 1 402 344 sözden ybaratdy.
6. Zenanyň şekili şekillendirilen ilkinji poçta markasy 1893-nji ýylda ABŞ-da ugradyldy. Onda Ispaniýanyň Şa zenany Izabella şekillendirilen.
7. Ýuwaş ummanyndaky ýurt bolan Wanuatuda dünýäde suwuň aşagynda ýerleşýän ýeke-täk poçta bölümi bar. Ol çakylyklary we hatlary göni deňziň çuňluklaryndan ibermek isleýän syýahatçylar üçin açykdyr.
8. 1929-njy ýylda Beýik Britaniýanyň poçta gullugynda näsazlyk ýüze çykdy. Netijede, şol ýyl iberilen hat ýollamasy uzak ýyllardan soň diňe 2008-nji ýylda alyja gelip ýetdi. Bu taryhdaky iň uzak eglenen poçta ýollamasy hökmünde taryha ýazyldy.
9. Hindistan dünýä ýüzünde iň uly poçta aragatnaşyk toruna eýedir — ýurtda jemi 155 müň töweregi poçta bölümleri bar.
10. Ýapon syýasatçysy Wiçi Noda öz aýaly Mitsuwa daşary ýurtlara bolan saparlaryndan 1 307 sany hat ýazypdyr. 50 müň ieroglifden ybarat bolan hatlar 12 404 sahypada, 25 jiltde çap edildi.
Geň galdyrýan ýeri, hatda ösen tehnologiýalaryň döwründe hem adamlar poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy göwnejaý hasap edýärler.
Poçtanyň döwrebap müşderä nähili hyzmatlary ýetirip bilýändigi dogrusynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni gürrüň berýär.
«Türkmenpoçtanyň» bölümleri hat, ýollama ibermek, şeýle hem gazet-žurnallara abuna ýazylmak ýaly poçta hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Türkmenistanyň ýaşaýjylary poçta bölümlerinden hemra we onlaýn-teleýaýlym operatory bolan «Älem TV» hyzmatynyň telekartyny, kanselýariýa harytlaryny satyn alyp bilerler, «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny resmileşdirip bilerler, şeýle-de poçta arkaly pul geçirimlerini iberip/alyp bilerler we başga-da köp sanly hyzmatlara mümkinçilik alarlar.
Bu aragatnaşyk ulgamynyň tutuş Türkmenistan boýunça 160-dan gowrak poçta bölümlerini we nokatlaryny öz içine alýandygyny bellemek gerek. Poçta bölümleri — ýurduň içinde-de, daşary ýurtlar boýunça hem tiz we ýokary hilli işleýän ygtybarly eltip bermek hyzmatynyň ulgamydyr.
«Türkmenpoçtanyň» bölümleriniň salgylary bilen kompaniýanyň post.tm resmi web saýtyndan tanyşmak bolýar.
Peýdalanylan çeşmeler: www.un.org; gazetaingush.ru