Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Okatmagyň STEM esasly ulgamlary — häzirki zaman bilim ulgamynda täze ugur

0
83750

Bilimiň häzirki zaman ulgamlary baradaky makalalarda köplenç halatda STEM gysgaltmasy gabat gelýär. Ol dolulygyna açylyp okalanda Science, Technology, Engineering, Mathematics — ýagny, Ylym, Tehnologiýa, Inženeriýa hem-de Matematika diýen manyny berýär. STEM termini ylmy hadysalary ýönekeý we elýeterli wizuallaşdyrmak arkaly öwrenmäge bolan çemeleşmäni aňladýar. STEM ulgamynyň aýratynlygy ol ýa-da başga bir dersiň beýlekilerden üzňe däl-de, biri-biri bilen baglanyşykly öwredilmegidir. Bu usulyň awtorlary ABŞ-nyň Milli ylym gaznasynyň hünärmenleridir.

Mundan başga-da, STEM taslamasy esasynda ýokardaky ugurlardan başga-da sungat pudagy bilen baglanyşykly goşmaça düzüm böleklerini öz içine alýan STEMM, STEAM we STREAM programmalary döredildi.

STEMM goşmaça ugur hökmünde aýdym-sazy öz içine alýar, STEAM-da sungaty (Art) öwrenýärler, STREAM-da bolsa edebiýat/okamak (Reading) esasy ugurlaryň hataryna goşulýar.

Esasy ugurlaryň sanawyna döredijilik işiniň girizilmegi döredijilikli pikirlenmegi we çeper hem-de tehniki taslamalaşdyrmak endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berýär. STEM konsepsiýasy ylmy çemeleşmä we takyk derslere esaslanýan bolsa, STEMM, STEAM we STREAM konsepsiýalary ylymy öwrenmäge döredijilikli çemeleşýär. Işinde döredijilik bilen ylmy utgaşdyrmagy başaran adam hökmünde Leonardo da Winçini mysal getirmek bolar: ol suratlaryny döretmekde keşpleri we duýgulary beýan etmek üçin perspektiwanyň we binagärligiň kanunlaryna, adam bedeniniň anatomiki gurluşy baradaky ylymlara ýüzlenipdir.

Hünärmenleriň pikiriçe, geljekde STEM-iň goruna döredijilik elementleriniň goşulmagy şahsy oýlap tapyşlary — oýun enjamlaryny, şeýle hem hereketi çäkli bolan adamlar üçin durmuşy ýeňilleşdirýän enjamlary döretmegi aňsatlaşdyryp biler. Şol bir wagtyň özünde döredijilik hünärleri köplenç ylmy maglumatlara daýanýarlar: sazandalar we saz gurallaryny öndürijiler akustika, materiallaryň ses geçirijiligi, kompozitorlar aýdym ýazanda matematiki ýörelgeleri ulanýarlar we ş.m.

Okatmagyň «ylmy dörtlügi» hem-de sungaty özünde jemleýän STEAM usulyýeti Türkmenistanda «ImdatBot» çagalar robototehnika bilim merkezinde netijeli ulanylýar. Okuw sapaklary «ylym», «tehnologiýalar», «inženerçilik» we «matematika», goşmaça hökmünde-de «sungat» ugurlary boýunça alnyp barylýar. Hut şu çemeleşme, esasanam oýunly, güýmenje görnüşinde her bir çaga mahsus bolan döredijilik we ýasap bilmek ukyp-başarnygyny doly ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Takyk ylymlaryň sungatyň esaslaryny düzýän nazaryýetler bilen utgaşdyrylmagy döredijiligi we logiki pikirlenmegi türgenleşdirýär, tebigatyň we fizikanyň kanunlary baradaky bilimleri baýlaşdyrýar we umumylykda bolsa çylşyrymly maglumatlaryň özleşdirilmegini ýeňilleşdirýär.

«ImdatBot» bilim merkezinde okuwlar «ýönekeýden çylşyrymla» ýörelgesine laýyklykda, taýýarlygyň ähli derejeleri üçin «noldan başlap» we has kämil öwrenijileri nazarda tutup geçirilýär. Toparlar okuwçylaryň ýaşyna görä, her topary 10 sany öwrenijä bölmek arkaly döredilýär, synp otaglary häzirki zaman kompýuterleri we robotlar, şeýle hem lazerli kesiji enjam we 3D printer bilen enjamlaşdyrylandyr.

Çagalaryň robototehnika bilim merkezi geljekki inženerlere we programmistlere şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi (ozalky Çehow), 147-nji jaý, «Merdana» binasy. Telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69.

Peýdalanylan çeşmeler: smapse.ru; trends.rbc.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar