Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýeralmasy - şeýle bir tanyş, emma şeýle bir dürli

0
29782

Dünýädäki iň ýörgünli, adamzat jemgyýetine peýdaly bolan zatlar baradaky täsirli, täsin maglumatlar biziň ünsümizi biygtyýar özüne çekýär. Gündelik durmuşymyzda nahar taýýarlap, fri hem-de çips görnüşlerinde iň bir köp iýýän önümlerimiziň biri bolan ýeralma, ol baradaky gyzykly maglumatlar we onuň önümçiligi hem özboluşly subutnamalara baýdyr.

Taryha nazar aýlasak, ýeralmanyň Watany Latyn Amerikasy hasaplanyp, ol ýeriň ilaty bu önümi ilkinji bolup 8000 ýyl mundan ozal iýmit hökmünde peýdalanyp başlapdyr. Ýeralma XVI asyryň ortalaryna Ýewropa yklymyna, soňra bolsa Gündogar ýurtlaryna giňden ýaýrapdyr. Käbir çeşmelerde ony “papas” (ýerde ösýän hoz) diýip hem atlandyrypdyrlar, Italiýada bolsa bu önüme “tartufolli”, soňra bolsa biraz ýönekeýleşdirip, “tartofel” diýip at beripdirler. Ýene bir çaklama görä, onuň kartofel diýen ýörgünli adynyň nemesleriň “güýç” diýen manyny berýän “kraft” sözünden gelip çykandygy mälim edilýär.

Ýeralmadan dünýä halklary dürli hilli datly tagamlary taýýarlamagyň baý tejribesini topladylar. Sebäbi islendik nahara goşulýan önümler bilen utgaşyp, sazlaşykly tagam berýän ýeralma işdä ýakyn datlylygy döredýär. Ondan esasan-da kartofel fri we çips ýaly tagamlary taýýarlaýarlar. Bu tagamlaryň täsin taryhy barada aýdylanda bolsa, ilkinji gezek kartofel friniň ABŞ-nyň prezidenti Tomas Jeffersonyň myhmanlara üýtgeşik nahary hödürlemegi tabşyryk bermegi boýunça ýüze çykandygyny bilmek bolýar. Çipsiň bolsa ilkinji gezek amerikan restoranlarynyň biriniň müşderisiniň gowrulan ýeralmanyň galyň kesilendiginden nägileligi üçin aşpeziň gahar edip olary has ýuka kesmegi esasynda ýüze çykmagy geň galdyryjydyr. Bu iýmitlerden başga-da, ýeralmanyň dünýädäki ähli taýýarlanylýan naharlaryň 2 müň töweregi görnüşine goşulýandygyny belläp geçmek bolar.

Ýer ýüzünde ýeralmanyň onlarça görnüşi bolup, olar tagamy we nahar taýýarlanyş usuly boýunça tapawutlanýarlar. Olardan Ataualpa, Nikolýa, Rasset Býorbenk, Lapin Puikula, Ýukon altyny, Roýal Jersi, Maris Bard, Mondial, Melodiýa, Muzyka, Ledi Anna, Ledi Kler we başga-da birnäçe görnüşleriň atlaryny getirmek bolar. Ýeralmanyň görnüşiniň köp bolşy ýaly, oňa dürli reňkde gabat gelmek bolýar. Ýaşyl, gyzyl, sary, gök, gara we beýleki reňkleriň köpdürlüligi bu önümleriň tagamy babatda hem köpdürlülige eýedir.

Güneşli Diýarymyzda hem halkymyzyň bu önümi ösdürip ýetişdirmekdäki tejribesi ýokary bolup, bu ugurdaky önümçiligiň kuwwaty ýyl-ýyldan artdyrylýar. Kärendeçilerimiziň yhlasy bilen bol hasyl berýän önümlerimiz içerki bazarlarymyzy üpjün edýär. Ýurdumyzda ýeralmany ýetişdirmekde we onuň dürli görnüşlerini alyjylara ýetirmekde “Miweli ülke” hususy kärhanasy baý tejribe toplap, degişli önümçilikde öňdäki hatarda durýandygyny aýtmak bolar. 2016-njy ýylda esaslandyrylan “Miweli ülke” hususy kärhanasy indi 5 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli miwe we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça üstünlikli iş alyp barýar.

Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga öz mynasyp goşandyny goşýan kärhanada ýeralmanyň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Olardan nahar taýýarlamak üçin niýetlenen Melodiýa, Muzyka görnüşleri, fransuz fri üçin Ledi Anna, Ledi Olimpiýa, şeýle-de çipsleri taýýarlamaga niýetlenen Ledi Kler  we Ledi Rozetta ýaly ýeralmalar importyň ornuny tutýan önümlerdir. Bulardan başga-da, Ledi Jeýn, Ledi Terra, Rok, Ledi Amarilla, Ledi Alisiýa, Ledi Britta, Orkestra, Kolombo, Gala ýaly ýeralma görnüşleri “Miweli ülkäniň” ýeralma önümleriniň hataryny düzýär.

Häzirki wagtda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň çäginde 600 gektardan ybarat bolan ýer böleginde tohumlyk ýeralmanyň “Elita” arkaly tohumyny ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleri ekişe taýýarlamak we melioratiw işlerini alyp barýan kärhananyň önümçiligi günsaýyn ilerleýär. Bu işler bilen birlikde “Miweli ülke” hususy kärhanasy Mary şäheriniň çäginde 4 gektar ýer böleginde önümçilik kuwwaty 21 200 tonna barabar tohumlyk ýeralmany saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar toplumynyň taslamasyny taýýarlamakda işleri alyp barýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar