Bütindünýä karate federasiýasy (WKF) aktýorlar Jeki Çany we Ralf Maççiony gara guşak bilen sylaglady. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan «Mail.ru» habar berdi.
Çana sylagyň gowşurylyş dabarasy onuň «Karate-oglanjyk» atly filminiň täze – «Karate-oglanjyk: Rowaýatlar» diýen bölüminiň mahabat görkezilişinde boldy. Federasiýanyň Baş sekretary Tosihisa Nagura aktýorlara gara guşaklary gowşurdy. Gara guşak karate guşaklarynyň ulgamynda iň ýokary basgançak bolup, ol türgeniň sport we ruhy ösüşini alamatlandyrýar.
Artistler köp ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetinde başa-baş söweş sungatlaryny wagyz edendikleri üçin gara guşaga mynasyp boldular diýlip, habarda bellenýär.
Jeki Çan 1954-nji ýylda doguldy. «Hudaýyň esbaplary», «Günüň gyzyşan wagty», «Poliseý taryhy», «Bronksdaky çözülişik» ýaly filmlerdäki keşpleri bilen meşhurlyk gazandy. Ýetginjek ýyllarynda kung-fu bilen meşgullandy. Rowaýaty aktýor Brýus Li bilen hem kinoda surata düşdi.