Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ştrausyň sazy Marsa ugradylar

09:3827.05.2025
0
9135
Ştrausyň sazy Marsa ugradylar
Surat: Hi-tech.mail.ru

Awstriýaly nusgawy kompozitor Iogann Ştrausyň «Mawy Dunaý» atly walsy älemde ýaňlanar – Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) bu meşhur saz eserini kompozitoryň doglan gününiň 200 ýyllygynyň hem-de agentligiň döredilmeginiň 50 ýyllygynyň hormatyna ýyldyzara giňişlige ugradar. Bu barada «The Associated Press» (AP) habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Wenanyň simfoniki topary tarapyndan ýerine ýetirilen saz eseriniň ýazgysynyň signaly 31-nji maýda ESA-nyň Ispaniýadaky antennasy tarapyndan iberiler. Konsertiň göni alnyp görkezilişi Wenada, Madridde we Nýu-Ýorkda bolar. Saz ýagtylygyň tizliginde bir ýarym sekuntda Aýyň çäklerini kesip geçer we dört ýarym minutda Marsa ýeter.

«Saz bizi wagtyň we giňişligiň üsti bilen birleşdirýär. Biz bu saz eserini älemi indiki öwrenjeklere sowgat bermäge şatdyrys» diýip, Ýewropanyň kosmos agentliginiň direktory Ýozef Aşebaher aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň