Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçihanasy Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy

23:5726.05.2025
0
12328
Türkmenistanyň ilçihanasy Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministirligi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda 24-nji maýda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy.

Ilçihana tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi pawilýonynda türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli egin-eşikler, Türkmenistana bagyşlanan kitaplar we žurnallar, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleri görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary sergi diwarlygynda aýratyn orna mynasyp boldy we festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle-de Seul dostluk festiwalynyň dowamynda oňa gatnaşanlar ilçihana tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we diplomatiýasy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň