21 — 25-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar.
Türk wekiliýetiň Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň ýokary nusgasynda garşy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Şu gün türk wekiliýeti Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Saparyň dowamynda türk wekiliýeti birnäçe türkmen ýokary okuw mekdebine baryp görer, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirer, şeýle-de bilim maksatnamalary bilen tanşar.
Türkiýeli myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerlerine we taryhy we medeni ýadygärliklere baryp görerler diýlip, habarda bellenilýär.