Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň biržasynda BAE-den gelen telekeçiler bilen söwdalaşyklar geçirildi

11:4122.05.2025
0
4591

21-nji maýda Türkmenistanyň birža meýdançasynda ýerli we daşary ýurt telekeçileriniň gatnaşmagynda işjeň söwdalaşyklar bolup geçdi - diýip, TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.

Daşarky bazarda BAE-den gelen telekeçiler türkmen hyzmatdaşlary bilen boýalan nah matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu geleşik daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň türkmen öndürijileriniň önümlerine barha artýan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen üstünlikli gepleşikleri geçirip, «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak barada şertnama baglaşdylar. Mundan başgada, ýerli kärhanalar bilen türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşikler baglaşyldy, bu bolsa milli senetçileriniň önümlerine durnukly islegiň bardygyny aýdyň görkezýär.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 502 411,14 manada we 100 800,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň