Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili içerki uçuşlary kabul edip başlady

16:4119.05.2025
0
18757

19-njy maýdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ-i tarapyndan Balkanabatdaky täze howa menziline yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy. Awiakompaniýa şu seneden ýurduň ähli sebitlerinde ilata degişli gatnaw hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady.

Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy maýdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine ähli uçuşlary ýatyrdy. Has takygy, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat, Mary — Türkmenbaşy — Mary we Daşaguz — Türkmenbaşy — Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlar wagtlaýyn ýatyryldy.

Bu ugrularyň deregine awiakompaniýa tarapyndan Aşgabat — Balkanabat — Aşgabat, Türkmenabat — Balkanabat — Türkmenabat, Mary — Balkanabat — Mary we Daşaguz — Balkanabat — Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlar ýerine ýetirilip başlaýar. Bu barada awiakompaniýa resmi saýtynda habar berdi.

Howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanan ilkinji ýolagçylar täze terminalyň häzirki zaman infrastrukturasyny, amatly şertlerini we ýokary hyzmat derejesini belläp, sosial ulgamlarda oňyn täsirlerini paýlaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň