Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheri bilen Gazagystanyň Türküstan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

21:5615.05.2025
0
13503
Arkadag şäheri bilen Gazagystanyň Türküstan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar
Surat: gurk.kz

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Gazagystana iş saparynyň dowamynda 14-nji maýda Türküstan welaýatynyň häkimi Nuralhan Kuşerow bilen duşuşygy geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy diýip, «Kazinform» habar berýär.

Taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklaryň geljegini, şeýle hem bilim we tejribe alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Türküstan bilen Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi örän möhümdir. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalanjakdygyna ynanýaryn» diýip, Türküstan welaýatynyň häkimi Nuralhan Kuşerow belledi. Şeýle-de golaýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gadymy Türküstana amala aşyran sapary we onuň dowamynda geçirilen gazak-türkmen gepleşikleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Sebitiň ýolbaşçysy türkmen tarapyna daşary ýurt kompaniýalarynyň önümçilik kärhanalaryny döretmegi üçin döredilen senagat zolaklary we kiçi senagat parklary barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türküstanda doly gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek üçin salgyt we gümrük töleglerinden boşadylan ýörite ykdysady zolak bolan «TURAN» hereket edýär.

Türkmen wekiliýeti öz gezeginde häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy netijesinde türkmen-gazak dostlukly gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändigini nygtady. Şunda Arkadag şäheriniň senagat ähmiýetli desgalarynyň gurluşygynyň we olarda ýola goýuljak önümçilikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdümekde täze mümkinçilikleri döretjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistan bilen Gazagystan arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň