Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Seýrek gök göwher 21,5 million dollara satyldy

18:1915.05.2025
0
17225
Seýrek gök göwher 21,5 million dollara satyldy
Surat: MIR 24

Düýbünden seýrek mawy göwher Ženewada geçen söwdalaşykda 21,5 mln dollara satyldy. «Ortaýer deňzi göklügi» (The Mediterranean Blue) diýlip atlandyrylýan daşyň agramy 10,3 karata deň. Ony adyny gizlin galdyrmak islän amerikaly satyn aldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Daş Günorta Afrikadaky Kulinnan diýen meşhur magdan käninde tapyldy, çig göwheriň agramy 31,49 karatdy, soňra ony granladylar. Tapyndy barada 2025-nji ýylyň martynda yglan edildi we bu habar göwher pudagynda uly gyzyklanma döretdi.

Göwher 20 mln dollar bahalandy, söwdalaşyklar 10,8 mln dollar başlangyç nyrhdan başlandy. Söwdalaşyklaryň ahyrynda ol 21,5 mln dollara satyn alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň