Italiýaly suratkeş Salwatore Garau «Io Sono» («Men bar») atly heýkel işini 18 müň amerikan dollaryna satmagy başardy. «Maddy däl sungat eseri» diýlen iş Art-Rite auksionynda satyldy diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Satyn alyjy diňe özboluşly sungat eserini alman, onuň hakykydygyny tassyklaýan güwänama, şeýle hem heýkeli iki metrlik pasgelçiliksiz giňişlikde goýmak barada gözükme hem aldy diýlip, habarda bellenýär.
Heýkeliň görer göze düýbünden görünmeýändigine seretmezden, Garau onuň mazmunyny fiziki we filosofiki garaýyşlar bilen düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, hatda boşluk hem gutarnykly «hiç zat» däldir: Geýzenbergiň kesgitsizlik ýörelgesine laýyklykda, boş giňişlik güýç bilen doludyr we ol bölejiklere, hatda adamlara hem öwrülip biler.
Bu suratkeşiň şeýle usulda döreden ilkinji eseri däl. Ol öň çokunýan Buddanyň görünmeýän heýkelini döredip, ony Milandaky ýanýodada ýüp gerlen dörtbürçluk görnüşde aňlatdy.