Urugwaýly syýasatçy we öňki döwlet baştutany Hose Alberto Muhika Kordano 90 ýaşynda aradan çykdy. El Pepe diýen lakamly syýasatçyny «iň garyp Prezident» diýip atlandyrýardylar. Onuň aradan çykandygy barada ýurduň häzirki Prezidenti Ýamandu Orsi habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
2024-nji ýylyň ýazynda Hose Muhikada aşgazan düwnügi ýüze çykaryldy. Ýanwarda onuň bejerip bolmajak hassadygy belli boldy. Özüniň iň soňky interwýusynda Muhika: «Dogrymy aýtsam, men ölýärin. Esgeriň dynç almaga hukugy bar» diýdi. 11-nji maýda onuň saglygy birden ýaramazlaşyp, 13-nji maýda ol aradan çykdy.
Hose Muhika Urugwaýyň Prezidenti wezipesini 2010-2015-nji ýyllarda eýeledi. Ýokary wezipä saýlanmazdan öň onuň diňe 1987-nji ýylda çykarylan awtoulagy bardy. Ol Prezident köşgünde ýaşamakdan ýüz dänderdi we kiçijik oba öýjagazynda ýaşady. Ähli aýlygyny bolsa haýyr-sahawata bagyşlady, özüne onuň diňe 10 göterimini aldy. Muhikanyň hatda bankda hasaby-da ýokdy. Pespälligi hem-de sahylygy üçin ol «Iň garyp prezident» diýen ady aldy.
«Durmuş – munuň özi ajaýyp syýahatdyr we gudratdyr. Biz bagta däl-de, baýlyga çakdanaşa üns berýäris. Biz durmuşda nämedir bir zat gazanmaga ymtylýarys, emma muňa düşünýänçäk, ömür geçip gidýär» diýip, ol iň ahyrky söhbetdeşliginde nygtady.
Muhikanyň hyzmaty bilen Urugwaýy Günorta Afrikadaky iň liberal döwlet diýip atlandyryp başladylar. Ol şeýle hem energiýanyň çalşylýan çeşmelerini ulanmak hem-de galyndylary gaýtadan işlemek başlangyçlaryny işjeň öňe sürýärdi.