Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde UNECE-niň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

10:3615.05.2025
0
12031

14-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) bilermenleri Tamara Kutonowa we Jon Marko Çorç bilen Mejlisiň wekilleriniň duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ekologiýa howpsuzlygyna degişli meselelerde parlamentleriň alyp barýan işleri we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň çäginde suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça ýurduň ençeme halkara resminamalaryna goşulandygy barada aýdyldy.

Şunda Serhetüsti suw akarlaryny, halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Helsinki şäherinde kabul edilen Konwensiýa goşulmagynyň hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti barada nytalayp geçildi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň ýurduň we sebitleriň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmekdäki ähmiýeti barada hem aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň