Hasaplamalara görä, häzir ýaşlar Ýeriň ilatynyň 25 göterimini düzýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Russiýadaky Habarlar merkeziniň direktory Wladimir Kuznesow «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýaşlar syýasaty— bu BMG-niň işinde möhüm ugrudyr. Ýaşlar gün tertibi 2021-nji ýylda kabul edildi.
«Ýaşlar, beýlekileriň goldawy bilen, geljegi bilen bagly meseleleri özleri çözmelidir» diýip, Kuznesow nygtady.
Öň adamzat siwilizasiýasynyň ýene 15 ýyldan batjakdygy habar berlipdi. Ylmy barlaglara görä, planeta her gün ilatyň çakdanaşa köpelmegi, ählumumy maýlama, parnik gazlaryň köp toplanmagy, şeýle-de daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglylykda, çynlakaý ýaramaz täsiri başdan geçirýär. Howanyň üýtgemegi hem-de gorlaryň gutarmagy netijesinde, Ýer eýýäm XXI asyryň ortalarynda adamyň ýaşaýşy üçin ýaramsyz bolup biler diýip, «Rambler.ru» ýazýar.