12-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin resmi açylyş dabarasy geçirildi.
Halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 7-siniň 9 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden magistrleriň we talyplaryň 29 sanysy, şeýle hem, Türkmenistanyň 23 sany ýokary okuw mekdeplerinden 115 sany talyp ýaşlar gatnaşýarlar. Has takygy, halkara bäsleşige Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutyndan, Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Russiýa Federasiýasynyň Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň Ýuridiki Akademiýasyndan, Täjik milli uniwersitetinden, Hytaý Daşary işler uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, ABŞ-nyň El Paso şäheriniň Tehas uniwersitetinden hem-de ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda habar berildi.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar üçin türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi guraldy.
Halkara bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Berdinyýazow, Russiýa Federasiýasynyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň dosenti, ykdysady ylymlarynyň kanditaty Uliýana Mizerowskaýa çykyş etdiler.
Açylyş dabarasyndan soňra bäsleşige gatnaşyjylar degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy görnüşinde test sowallaryna jogap bermäge girişdiler. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşik maý aýynyň 14-ine çenli dowam edýär.