«Arkadag» Çagyryş ligasynyň finalynda ýeňiş gazandy, Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Ýeňşe goşan goşandy barada kitap tanyşdyrdy, Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi boldy. Kambojanyň paýtagtynda geçirilen aýgytly oýunda Wladimir Baýramowyň şägirtleri goşmaça wagtda «Swaýriýeng» klubundan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Türkmen toparynyň düzümimde 59-njy minutda Mekan Saparow we 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy.
https://turkmenportal.com/blog/90926/arkadag-vyigral-ligu-vyzova-afk
2. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdiler.
3. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe Türkmenistanyň goşandy: taryh we häzirki döwür» atly ýygyndyny hödürledi. Neşiriň taýýarlanmagyna rus diplomatlary, publisistler we türkmen ylmy toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. «Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň suratlary ilkinji gezek ýurduň ýaşaýjylarynyň maşgala arhiwinden çap edildi. Neşire Türkmenistanda häzirki wagtda Beýik Ýeňiş baradaky taryhy hakykaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada makalalar hem girizildi» diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlikde belläp geçdi.
4. Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan ilkinji ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Halkara sergiler merkezinde üç günläp dowam eden gözden geçirilişe Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň 12-si hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-ä golaý agzasy gatnaşdy.
5. 13-nji maýda Aşgabatda «Merkezi Aziýada sebit we milli hereketler arkaly klimatiki maliýeleşdirmegiň global maksadyny gazanmak» atly Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC-2025) öz işine başlar.
6. Osakada geçirilýän EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gelýänler sosial ulgamlarda Türkmenistanyň pawilýonynyň suratlaryny we täsirlerini uly gyzyklanma bilen paýlaşýarlar. Bu pawilýon eýýäm serginiň meşhur ýerleriniň birine öwrüldi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar pawilýonda görkezilýän türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen içgin tanyşýarlar.
7. Aşgabatda fransuz horeografy Žan-Mark Matosyň, italýan tansçysy we horeografy Margerita Bergamonyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet tans ansamblynyň we «Meňli» döwlet tans toparynyň hyzmatdaşlygy netijesinde döredilen «RITUALS» atly horeografiki we sanly çykyşyň görkezilişi boldy. Şeýle-de taslama Balkan welaýatynyň «Akjaýar» halk döredijilik topary milli küştdepdi tansy bilen gatnaşdy. Bu tans ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.
Dünýäde
1. Beýik Britaniýanyň Roýal Holloueý uniwersitetiniň alymlar topary ötünç soramagyň dogruçyl kabul edilmegine täsir edýän garaşylmadyk lingwistik faktory ýüze çykardy. Gözlegiň netijelerine görä, sözlemiň mazmuny bilen bir hatarda, ulanylýan sözleriň uzynlygy hem uly ähmiýete eýedir. Alymlar şeýle kanunalaýyklygy ýüze çykardylar: uzyn sözleri ulanylyp ötünç soralanda diňleýjiler ony has ak ýürekden we ynandyryjy kabul edilýär.
https://turkmenportal.com/blog/90946/uchenye-vyyasnili-kak-pravilno-izvinyatsya
2. Ýewropanyň ýadro gözlegleri guramasynyň alymlary Uly adron kollaýderinde ilkinji gezek gurşuny altyna üstünlikli öwrüp, taryhy üstünlik gazandylar. Bu üstünlik alhimikleriň gadymdan gelýän arzuwyny häzirki zaman fizikanyň kömegi bilen amala aşyrdy.
Sport täzelikleri
1. «Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy indiki möwsümde Türkmenistanyň üç toparynyň Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlaryna gatnaşmagyna şert döretdi. «Arkadag» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna göni ýollanma aldy. «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky ýoluny saýlama tapgyryndan başlar. «Altyn Asyr» bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.
2. 13 türgenden ybarat Türkmenistanyň çeper gimnastika boýunça milli ýygyndysy Hytaýyň Guançou şäherinde geçirilýän «EAST CUP & Olympic Stars» atly halkara ýaryşyna gatnaşýar.