Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi, Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Balkan welaýatyndaky gonýan howa menzilini üýtgetdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanda 18-nji maýda ýurduň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Baýramçylyk dabarlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany Konstitusiýa binasyna hem-de ýurduň Baş baýdagyna gül çemenini goýdy.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak barada Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bu taslamalary taýýarlamak işlerini guramak we olary şu ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek, tabşyryldy.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrisýagy kabul etdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Balkan welaýatyndaky gonýan howa menzilini wagtlaýyn üýtgetdi. 19-njy maýdan başlap, awiakompaniýa Türkmenbaşy şäherine ähli uçuşlary ýatyrdy. Onuň ýerine uçuşlar Balkanabatdaky täze Halkara howa menziline amala aşyrylar. Şu seneden ilkinji gatnawlar ýerine ýetirilip başlandy.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Leo XIV-e Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda täze Papanyň bu wezipede adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, agzybirligi we parahatçylygy berkitmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Leo XIV-ä berk jan saglyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
6. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.
7. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ähran dialog forumyna gatnaşdy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy umumy mejlisde çykyş edip, ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi. Bu ugurda aýratyn üns Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek başlangyjyna gönükdirildi.
8. Aşgabatdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Russiýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan meşhur kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar gatnaşdylar.
https://turkmenportal.com/blog/91215/v-turkmenistane-startoval-mezhdunarodnyi-festival-muzyka-mira
Dünýäde
1. Awstriýanyň wekili Ýohannes Pitç «Ýewrowideniýe 2025» halkara aýdym bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bäsleşigiň finaly Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirildi. Professional eminler we telewideniýe tomaşaçylary tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijeleri boýunça awstriýaly ýerine ýetiriji 436 utuk gazandy. Ikinji orny 357 utuk bilen Ysraýylyň wekili Ýuwal Rafael eýeledi. 356 utuk gazanan estoniýaly aýdymçy Tommi Keş bäsleşigiň bürünç baýragynyň eýesi boldy. Ýohannes Pitç «Wasted Love» atly aýdymy ýerine ýetirdi. «Ýewrowideniýe 2025» bäsleşiginiň finalyna 26 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, indiki aýdym-saz forumy Awstriýada geçiriler.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Arkadag» «Şagadamdan» üstün çykdy. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Altymyrat Annadurdyýew iki gol geçirdi, Mekan Saparow we Welmyrat Ballakow hersi bir gol geçirdiler. «Şagadamyň» ýeke-täk goluny Aşyr Jumadurdyýew derwezä girizdi.
2. Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň merkezi oýnunda «Altyn Asyr» «Ahaly» 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Büzmeýin etrabynyň stadionynda geçirildi. Duşuşykda hasaby 12-nji minutda Aşgabadyň toparynyň oýunçysy Abdyrahman Annamyradow açdy, 29-njy minutda «Ahaldan» Nazar Towakelow ilkinji goluny geçirip hasaby deňledi, 36-njy minutda Ruslan Täjiýew «Altyn Asyry» öňe çykardy, 72-nji minutda bolsa Nazar Towakelow pökgini öz derwezesine girizdi. Bu ýeňişden soň «Altyn Asyr» 10 oýunda 22 utuk toplap, sanawda üçünji orna çykdy. «Ahal» 11 oýundan soň 24 utuk bilen ikinji orunda barýar.
https://turkmenportal.com/blog/91193/altyn-asyr-obygral-ahal-tovakelov-zabil-v-svoi-i-chuzhie-vorota