Top.Mail.Ru

Arhiw

«Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy

20:1010.05.2025
0
47210

«Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda «Swaýriýeng» klubuny ýeňlişe sezewar etdi.

Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda bolsa «Arkadag» hasaby 2:1 edip, ýeňşi öz tarapyna agdyrdy.

«Arkadagyň» düzümimde Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112) tapawutlandy.

«Swaýriýengiň» ýeke-täk goluna Krýa Saret (82) awtorlyk etdi.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadagyň» oýunçysy Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň