Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

12:3210.05.2025
0
40749

Türkmenistanyň paýtagtynda «Geýdar Aliýew - Energetika diplomatiýasy: Ýaşyl dünýä ugrunda jebislik» atly halkara maslahat geçirilip, onda diplomatik wekilhanalaryň we energetika pudagynyň wekilleri ýygnandylar.

Çäräni Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gezalow açyp, häzirki dünýäde energetika diplomatiýasynyň ähmiýeti we Azerbaýjanyň görnükli lideri Geýdar Aliýewiň mirasy barada giriş sözi bilen çykyş etdi.

Türkmen tarapyndan çärede daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow esasy çykyşy bilen söz sözledi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde iň iri tebigy gaz bilen üpjün edijileriň biri hökmündäki derejesi barada durup geçdi we energetika pudagynda Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmen diplomatynyň çykyşynda ýurduň ekologiýa başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Gurbanow maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň howany goramak ugrunda amala aşyrýan möhüm ädimini - 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP-28) yglan edilen Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşulandygyny ýatlatdy.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem Türkiýäniň, Gazagystanyň, Beýik Britaniýanyň ilçileri, Türkmenistanda akkreditirlenen beýleki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda iş alyp barýan halkara kompaniýalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Foruma gatnaşyjylar sebit energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini, energiýa çeşmelerini üpjün etmegiň diwersifikasiýasy meselelerini we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki tagallalary etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň