Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyndaky abatlaýyş we rejeleýiş işleri bilen tanyşdy

10:1810.05.2025
0
35538

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş we rejeleýiş işleri batly depginde dowam edýär. Amala aşyrylmaly işler Türkiýe Respublikasynyň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygyna toplumyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli binalaryň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, ýapyk manežiň şekilleri görkezildi. Bezeg işleri we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, ýerine ýetirilýän işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi.

«Gap Inşaat» kompaniýasynyň wekili Rejep Akçy bu ýerde alnyp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadag degişli işleriň toplumyň ähmiýetine laýyk derejede amala aşyrylmalydygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri atlaryň çapuw ýodasyna Garagum sährasynyň ylmy esasda kesgitlenen künjekleriniň çägesiniň düşelmeginiň ähmiýetli hasaplanýandygyny belledi. Şeýle-de ähli gurluşyk işlerine, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna, toplumyň enjamlaşdyrylyşyna, çapuw ýodalarynyň kada laýyk bolmagyna jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidigi barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň