Watikanda kardinallar Rim-katolik buthanasynyň täze başlygyny saýladylar, ol amerikaly Robert Prewo boldy. Prewo 267-nji Papadyr we ol Lew XIV adyny aldy diýip, «Vatican News» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Onuň adyny keramatly Pýotryň soborynyň eýwanyndan kardinal Dominik Mamberti yglan etdi. Dindar meşhur latyn aňlatmasyny – Habemus papam («Bizde papa bar») diýen jümläni aýtdy. Şunlukda, Lew XIV taryhda ABŞ-dan bolan ilkinji Rim Papasy boldy. Täze Rim pontifigi şol birwagtda Keramatly tagtyň hem-de döwlet-şäher Watikanyň başlygy boldy.
Munuň öňüsyrasy Sikstin kapellasynyň turbasyndan ak tüsse çykarylyp, täze Papanyň saýlanandygy mälim edildi. Kardinallaryň konklawy ýygnagyň ikinji gününde, ses berlişigiň dördünji tapgyrynda Papany saýlady.
7-nji maýda konklaw başlandy – 133 kardinal täze Papany saýlamak üçin Sikstin kapellasyna ýygnandy.
Rim Papasy Fransisk (Horhe Mario Bergolo) 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde uzaga çeken keselden soňra 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol 2013-nji ýylda saglygy sebäpli tagtdan ýüz öwren Benedikt XVI bu wezipede çalyşdy.