Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrylýar

09:0408.05.2025
0
12728
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrylýar
Surat: Türkmenmetbugat

Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan «Buraw turbalarynyň boşluklaryndan howany gysyp çykarmak üçin innowasion gidrawlik enjam» we «Pnewmatiki suw çüwdürimli ýuwujy enjam» işlenip düzüldi hem-de bu oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmakda degişli işler geçirilýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Degişli enjamlar uniwersitetiň professor-mugallymlary we «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň degişli hünärmenleri tarapyndan «Galkynyş» gaz käniniň 261-nji, 1600-nji, 263-nji, 2350-nji, 236-njy, 2750-nji, 231-nji, 3496-njy we 264-nji guýularynda 4019 metr çuňlukda ulanylyp, üstünlikli synag edildi. Şonda buraw işlerini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan işlenip düzülen innowasion gidrawlik enjamy ulanmak bilen, guýynyň düýbündäki basyşyň üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan päsgelçilikleriň öňüni alyp bolýandygy anyklanyldy.

Guýularda buraw enjamlaryny arassalamak üçin sarp edilýän wagty, energiýany we suwy tygşytly peýdalanmakda, ulanylýan suwuň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmakda pnewmatiki suw çüwdürimli ýuwujy enjam hem üstünlikli synag edildi.

Ýüze çykyp biljek päsgelçilikleriň öňüni almak bilen, buraw işiniň tehniki we tehnologik üpjünçiligini kämilleşdirmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak ylmy taýdan esaslandyryldy.

Habarda bellenilişine görä, barlaglaryň netijesinde toplanan maglumatlar önümçilik işlerinde döräýjek päsgelçilikleriň öňüni almakda ykdysady taýdan bähbitli bolup, olar wagty we energiýa serişdelerini netijeli ulanmakda hem-de ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmakda giňden peýdalanylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň