Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

6-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:5206.05.2025
0
21578

Türkmen halkynyň Milli Lideri resmi sapar bilen Fransiýa bardy, Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda altyn medal gazandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna bardy. Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Orly» Halkara howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygyny Fransiýanyň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

https://turkmenportal.com/blog/90733/nacionalnyi-lider-turkmenskogo-naroda-pribyl-s-oficialnym-vizitom-vo-franciyu

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

https://turkmenportal.com/tm/blog/90743/prezident-turkmenistana-provel-soveshchanie-po-voprosam-apk

3. Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýuge açylyş dabarasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara standartlaryna laýyk gelýändigini we nusgalyk häsiýete eýedigini belledi.

https://turkmenportal.com/blog/90742/v-evropeiskom-byuro-voz-proshel-den-turkmenistana

4. Gülistan welaýatynyň halkara sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi öz işine başlady. Bu çäreň iki ýurduň tehniki, senagat, hyzmat, oba hojalyk we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

https://turkmenportal.com/blog/90734/v-irane-otkrylas-vystavka-eksportnogo-potenciala-turkmenistana

5. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa hem-de «Hedaýa» Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/90738/turkmenistan-i-es-obsudili-voprosy-sotrudnichestva-v-sfere-bezopasnosti

Dünýäde

1. Mumbaýyň köçelerine adaty bolmadyk wezipesi bolan açyk gülgüne awtoulag peýda boldy: ol ýaşaýjylara ozalky romantik gatnaşyklaryny ýada salýan zatlardan dynmaga kömek edýär. Awtoulag adamlara şahsy goşlaryny, ýadygärlik sowgatlary, suratlary we öňki söýgülileri barada gaýgyly ýatlamalary döredýän beýleki zatlary zyňmagy teklip edýär.

https://turkmenportal.com/blog/90751/v-indii-predlozhili-neobychnyi-sposob-izbavleniya-ot-vospominanii-o-byvshih

2. Mongoliýanyň paýtagtynda ýurduň sekiz sebitinden müňden gowrak ekizleriň we üçemleriň gatnaşmagynda dabaraly ýöriş geçirildi. Bu çäre Mongoliýanyň Ekizler assosiasiýasynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. Baýramçylyga hormatly myhman hökmünde ýurduň ilkinji üçemleri, şeýle hem Mongoliýanyň iki millionynjy raýaty hökmünde hasaba alnan ekizler gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/90746/v-mongolii-sostoyalsya-parad-bliznecov

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň wekili Anamjan Rustamowa ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Ýaryş Peruda geçirilýär. Rustamowa 87 kg çenli agram derejesinde jemi 249 kg göterip (itekläp götermekde – 108 kg, silterläp götermekde 141 kg) ýeňiş gazandy.

https://turkmenportal.com/blog/90744/turkmenskaya-tyazheloatletka-rustamova-zavoevala-zoloto-na-chm-sredi-yuniorov-v-peru

2. Türkmenistanyň paýtagtynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly sport marafony geçirildi. Sport çäresine 550-den gowrak adam, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, sport mekdepleriniň okuwçylary we paýtagtyň dürli ýaşly ýaşaýjylary gatnaşdy. Ylgaw ýolunyň uzynlygy üç kilometrden gowrak boldy.

https://turkmenportal.com/blog/90735/v-ashhabade-proshel-massovyi-zabeg-na-342-km-v-podderzhku-mira-i-doveriya

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň