Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň «Satti» atly göteriji ýüzýän buraw enjamy Hazar deňziniň türkmen kenarynda ulanylar

12:3604.05.2025
0
35939

Gazagystanyň ilkinji göteriji ýüzýän buraw enjamy bolan «Satti» häzirki wagtda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki sebitinde ulanylmaga taýýarlanýar. Bu barada «KazMunayGaz» milli kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Satti» buraw enjamy «KMG Drilling & Services» hojalyk jemgyýetine degişli bolup, 2024-nji ýylda bu kompaniýa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolan «Dragon Oil Turkmenistan Limitediň» arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki Çeleken käninde buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin ulanylar.

«Satti» enjamy deňizde çylşyrymly şertlerde buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan özboluşly taslamadyr. 2021-nji ýylda geçirilen täzelenmelerden soň, onuň göterijilik kuwwaty 453 tonnadan 680 tonna çenli ýokarlandyryldy. Bu buraw enjamy 6000 metr çuňlukdaky guýulary burawlap bilýär.

Bu taslamanyň çäklerinde «KazMunayGaz» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Asgat Hesenow «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş direktory Aly Raşid Al-Žarwani bilen duşuşdy. Duşuşykda Asgat Hesenow «KazMunayGazyň» «Dragon Oil» bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini, «Satti» buraw enjamynyň gatnaşmagynda Hazarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamanyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk geljekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň