Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow Katar Döwletine iş sapary amala aşyryp, saparyň dowamynda birnäçe duşuşyklary geçirdiler.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti bilen Hamad bin Halifa we Katar uniwersitetleriniň hem-de Kataryň Milli kitaphanasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de gadymy golýazmalary bilelikde öwrenmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorynyň Katar uniwersitetiniň rektory bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara pikir alyşmalar boldy diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.