Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar gladiatorlaryň ýolbars bilen tutluşandygynyň subutnamasyny tapdylar

18:2525.04.2025
0
24235
Alymlar gladiatorlaryň ýolbars bilen tutluşandygynyň subutnamasyny tapdylar
Surat: Rg.ru

Şirler bilen tutluşan rimli gladiatorlaryň şekilleri mozaika we keramika eserlerinde kän duş gelýär. Emma häzire çenli gadymy batyrlaryň ýyrtyjylar bilen urşandygynyň hakyky subutnamasy ýokdy. Golaýda alymlar şol tutluşyklara gatnaşanlaryň ystyhanlarynda iri haýwanlaryň diş yzlaryny tapdylar diýip, «PLOS One» ylmy žurnalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Şeýle diş yzyny biziň eýýamymyzyň III asyrynda Rimde ýaşan we gladiatorlaryň gonamçylygynda ýerlenen 36 ýaşly erkek kişiniň çanaklyk süňkünden ýüze çykardylar. Alymlar ol yzlaryň ýolbarsyň dişlerine degişlidigini ynamly çaklaýarlar.

Ylmy barlaglary Meýnut Irland uniwersitetiniň talyplaryň meseleleri we okatmak boýunça wise-prezidenti, antropologiýa professory Tim Tompson alyp bardy. Onuň sözlerine görä, köp ýyllaryň dowamynda rimli gladiatorlaryň ýyrtyjy haýwanlar bilen uruşlary barada düşünje taryhy ýazgylara hem-de çeper şekillere esaslanýardy.

Häzirki ylmy açyş bolsa şol döwürde bolup geçen wakalara gönüden-göni tutaryk bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň