Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp Saud Arabystanyna saparyndan soňra Putin bilen duşuşmakçy

08:5425.04.2025
0
18736
Tramp Saud Arabystanyna saparyndan soňra Putin bilen duşuşmakçy
Surat: m24.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp maý aýynda Pars aýlagy ýurtlaryna amala aşyrjak saparyndan soňra Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.

«Muny-da mümkin diýip hasaplaýaryn, ýöne gatybir ynamly aýdyp biljek däl» diýip, ol Ak tamda žurnalistleriň Putin bilen Saud Arabystanyna sapary wagtynda duşuşmagynyň mümkindigi barada sowalyna beren jogabynda nygtady.

«Meniň pikirimçe, biz Pars aýlagy ýurtlaryna saparymdan soňra duşuşsak gerek» diýip, ABŞ-nyň döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Sişenbe güni Ak tam ABŞ-nyň Prezidentiniň 13-16-njy maý aralygynda sapar bilen Saud Arabystanynda, Katarda we BAE-de boljakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň