Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Galkynyş» känini özleşdirmek üçin maýa goýujylary çagyrýar

13:1223.04.2025
0
23180

Kuala-Lumpurda geçirilýän «TEIF 2025» maýa goýum forumynda Türkmenistanyň energetika ministri Maksat Babaýew ýurduň energetika pudagynyň strategik taýdan möhüm ugurlaryna, şol sanda dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň täze tapgyrlarynyň özleşdirilmegine maýa goýumlaryny goýmagy teklip etdi.

Ministr halkara wekilleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny, şeýle hem dünýäniň energetika özgertmelerinde möhüm rol oýnamaga taýýardygyny nygtady.

«Biz döwrebap, uýgunlaşmaga we bäsdeşlige ukyply energetika ulgamyny döretmäge ymtylýarys. Bu ulgam global energetika geçişiniň wehimlerine netijeli jogap bermäge ukyply bolmalydyr» diýip, M.Babaýew aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, «Galkynyş» gaz käni we onuň golaýyndaky ýataklar jemi 27 trillion kub metrden gowrak tebigy gaz ätiýaçlygyna eýe bolup, ony dünýäniň iň uly guryýer gaz ýataklarynyň birine öwürýär. Gaz känini özleşdirmegiň ilkinji tapgyrynda ýylda 30 milliard kub metr gaz öndürilýär. Ikinji tapgyr bolsa Hytaýa gaz eksportyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Maýa goýum üçin hödürlenýän esasy ugurlaryň arasynda ministr aşakdakylary belledi:

  • «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlarynyň özleşdirilmegi
  • Öňden bar bolan ýataklarda gaz çykaryşynyň işjeňleşdirilmegi
  • Kuwwaty 5 milliard kub metr bolan ýerasty gaz ammarynyň gurluşygy
  • Iri senagat taslamalary boýunça EPC şertnamalary

Ministr M.Babaýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň gazynyň iň uly sarp edijisi bolup durýar. Üç gaz geçirijiniň üsti bilen, ýylda 30 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy bu ýurda iberilýär. Dördünji ugur tamamlanandan soň bu görkeziji ýylda 65 milliard kub metre ýetip biler.

Mundan başga-da, ministr Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu taslama jemi 1,75 milliard ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz üpjün etmegi göz öňünde tutýar. M.Babaýewiň aýtmagyna görä, gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki 214 kilometrlik bölegi eýýäm gurlup gutaryldy, 153 kilometrlik owgan böleginiň – Turgundy bilen Hyratyň arasyndaky «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan gaz geçirijiniň gurluşygy başlandy. Bellenilişi ýaly, taslama Owganystanda 12 müň töweregi täze iş ornuny döreder we ynsanperwer maksatlara hyzmat eder.

Çykyşynyň dowamynda M.Babaýew türkmen gazynyň ekologik ähmiýetine hem ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, her ýyl Hytaýa iberilýän 30 milliard kub metr türkmen tebigy gazynyň hasabyna 50 million tonna kömür çalşyrylyp, 60 million tonnadan gowrak ýylylyk gazlarynyň atmosfera zyňylmagynyň öňi alynýar.

«Bu sanlar diňe bir statistika däl. Olar howanyň hiliniň gowulaşmagyna, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegine we sebitde durnukly geljegiň kemala gelmegine hakyky goşantdyr» diýip, ministr nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň