Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýapon dili mugallymlary Esenmyrat Dadaýew we Maýsa Dadaýewa Sukuba uniwersitetiniň «Halkara we ýokary ýapon dili bilimi» boýunça maksatnamasynyň magistr derejesini üstünlikli tamamladylar.
Olar türkmen maşgalasy bolup, ýapon dilini öwretmäge we okatmaga degişli ylmy işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda hem doktor derejesini dowam etdirip başladylar.
Olar Türkmensitandan ilkinji bolup Ýaponiýada ýapon dil bilimi boýunça magistr derejesini üstünlikli tamamlap doktorlyk derejesinde okuwlaryny dowam etdirýärler.
Olaryň arzuwy ýapon dilini okatmagyň hazirki döwrüň talabyna görä laýyk gelýän usulyýetini gözleg edip, ylmy işlerini ýazyp, Türkmenistanda zähmet ýollaryny dowam etdirmek bolup durýar.