Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Kanunda şeýle bellenilýär: «1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda London şäherinde gol çekilen 1966-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmaly».
Ýük markalary baradaky Halkara konwensiýa 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde Londonda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) başlangyjy bilen kabul edildi.