Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşdy

19:4917.04.2025
0
20837
Türkmen wekiliýeti ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministirligi

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda EKOSOS ýaşlar forumynyň hem-de «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň» ikinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diýene Keýta bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

16-njy aprelde geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýeti hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýaşlaryň şahsy gyzyklanmalaryny, ukyplaryny we höweslerini göz öňünde tutup, olaryň ýurduň ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýän inklýuziw nusgany döredendigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Diýene Keýta Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny ýokary bahalap, olaryň ÝUNFPA-nyň demografiýa we ýaşlar syýasaty boýunça wezipesine doly laýyk gelýändigini belledi. Ol «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň» döredilmeginde Türkmenistanyň öňdebaryjy orny eýelemegine we onuň sebitara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetine ýokary baha berdi. D.Keýta Türkmenistanyň nusgasynyň beýleki ýurtlar üçin oňyn tejribe bolup durýandygyny aýtdy.

ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary guramanyň alyp barýan işleri, şol sanda, demografiýa, reproduktiw saglygy we gender deňligi boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berdi we maksatnamalaryň Merkezi Aziýada üstünlikli amala aşyrylýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de, Keýta «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň ÝUNFPA tarapyndan goldanylýandygyna, şeýle-de, Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ÝUNFPA-nyň «Youth Leadership Programme» we «Data for Development» ýaly global taslamalary bilen utgaşdyrylmagy boýunça bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, demografik maglumatlarynyň toplumlaýyn meýilnamalaşdyrma we seljerme işlerinde ulanmak ugrundaky innowasion usullar boýunça ÝUNFPA-nyň tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň