Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň diplomaty Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi bilen duşuşdy

19:4217.04.2025
0
19421
Türkmenistanyň diplomaty Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Türkiýedäki İlçihanasy

Şu gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Çagry Erhan bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilen bagly möhüm meselelerine hem garaldy.

Ilçi M.Işangulyýew şu ýylyň dowamyndaky halkara derejedäki çäreleriň we Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen türk tarapyny tanyşdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň