Şu gün Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
Ministr R.Meredow Türkmenistanyň dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler ugurlaryň giň toplumy boýunça ýola goýlan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň netijelidigi aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy diýlip, habarda bellenilýär.