10-njy iýundan başlap «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlary boýunça hepdelik uçuşlaryň sanyny 17-ä ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok belledi.
Diplomatyň sözlerine görä, şu ýylyň 1-nji apreline çenli uçuşlaryň sany hepdede 11-den 14-e çenli artdyryldy.
Ilçi syýahatçylyk mekany hökmünde türkmen raýatlarynyň Türkiýä bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny aýtdy. Resmi maglumatlara görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň 153 müň 688 raýaty Türkiýä bardy, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 27% köpdür.
Ahmet Demirok öz çykyşynda 2024-nji ýylda 62,3 million syýahatçynyň Türkiýä gelendigini we syýahatçylyk girdejisiniň rekord derejä, ýagny 61,1 milliard dollara ýetendigini habar berdi. Türkiýe 65 million myhmany kabul etmegi we 2025-nji ýylda 64 milliard dollar girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.
1933-nji ýylda işe başlan «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 472 uçar flotuny dolandyrýar we 353 ugur boýunça 131 ýurda uçuşlary amala aşyrýar hem-de hyzmat edilýän ýurtlaryň sany boýunça öňdebaryjy bolýar. A.Demirokyň sözlerine görä, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça hepdede 10 uçuş amala aşyrýar.