Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti iş saparynyň dowamynda welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, Köpugurly hassahanasynda hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek we olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Iş saparynyň barşynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çeper döredijilige, aýdym-saz sungatyna höwesek çagalara gaznanyň adyndan sowgatlary gowşurdy. Şatlygynyň çägi bolmadyk çagalar döwlet tarapyndan edilýän tagallalar we berilýän kömek-goldawlar üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen we toplumda degişli bejergi alýan çagalar türkmen halkynyň Milli Lideriniň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bejergi alýan çagalaryň ene-atalarynyň Gahryman Arkadaga we döwlet Baştutanyna aýdan hoşallyk sözleri çagalaryň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.